2-nji iýunda paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan «Biziň çagalarymyz internetde» atly sazly şou bolar. Guramaçylar batyrgaý döredijilik synagyna karar berdiler: janly duýgularyň we tüýs ýürekden edilýän sungatyň täzelikler lentasynyň algoritmlerinden, tükeniksiz «rilslerden» we çatlardan üstün çykyp biljekdigini barlap görmek isleýärler. Tomaşaçylar gadjetlardaky ägirt uly energiýanyň mikrofonlara we saz gurallaryna nähili ugrukdyrylýandygyna şaýat bolarlar.
Bu baýramçylyk diňe bir eli smartfonly dünýä inenler üçin däl. Biz size hem garaşýarys, «uly» oglanlar we gyzlar — heniz “Wi-Fi”-siz, «lampa» dünýäsini ýadynda saklaýan hormatly ene-atalar. Bu siziň üçin iş messenjerlerden birnäçe sagatlyk sowaşmak, aladasyz çagalyk ýyllaryňyzy, şadyýanlyklaryňyzy ýatlamak we torlardaky wideolardan tapawutlylykda, “pauza” goýup ýa-da yzyna sarap bolmaýan pursatdan lezzet almak üçin seýrek mümkinçilikdir.
Agşamky maksatnama islendik taýýar pleýlistden has gyzykly bolar. Mustafa Ýagşyýew galkyndyryjy mamontçyk bilen ejesini gözleýän wagty, “Ýaş zehin” bäsleşiginiň ýeňijisi Şirin Jumaýewa we Batyr Baýmyradow “Fiksikleriň” sesleri bilen internet barada aýdym aýdanlarynda, biz hemmämiz bir zady ýatlap bileris: hakyky duýgular üçin zarýad gerek däl.
Guramaçylar meşhur “Çunga-Çanga” aýdymynyň sözlerini häzirki zaman sosial torlar temasyna uýgunlaşdyryp üýtgetmek bilen, tomaşaçylarda gyzyklanma döretdiler. Hatyja Amanowa bolsa “Garakçylaryň aýdymy” arkaly ýaş tomaşaçylara global torlarda hem edil erteki jeňňelligindäki ýaly seresap bolmalydygyny näziklik bilen ýatladar. Ýaş wokalçy Aýlara Sarkowa “Çagalara aýdyň” atly örän täsirli we galkyndyryjy çykyşy bilen sahna çykar.
Guramaçylaryň aýratyn buýsanýan pursady — “Ýaş zehin” bäsleşiginiň ýene bir ýeňijisi, pianinoçy Tylla Şirowanyň çykyşydyr. Ol halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» orkestriniň sazlaryny bilen sahna çykar. Çaga professional orkestr bilen deň derejede saz çalanda, bu ýerde hatda smartfonlaryň iň kämil ekranynyň hem berip bilmejek ägirt uly gerimi we jadyly sesi emele gelýär. Ýaş artistlere uly ýyldyzlar — sesleri islendik sanly ýazgydan has arassa ýaňlanýan meşhur solistler Bahar Durdyýewa we Döwran Şammyýew hem goşularlar.
Agşam örän täsirli we wakalara baý bolar: bu ýerde “Saýraýan bilbiller” çagalar hory, Salyh Darçiýanyň hem-de Sabirowlar maşgalasynyň urulýan saz gurallaryndaky ritm polifoniýasy bolar. Hatyja Begbaýewa bolsa “Zombi-smartfonlar” barada gülkili we döwrüň möhüm meselesine degişli çykyşyny görkezer — bu çykyşda köpümiz özümizi ýylgyrma (ýa-da gynanç) bilen tanasak gerek.
Ýaş artistleri goldamaga geliň we olara zaldaky tüýs ýürekden gelýän el çarpyşmalaryň, suratlaryň aşagyndaky jansyz ýürekjiklerden we «laýklardan» has ýakymlydygyny subut ediň.

