16–17-nji maýda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde yssy howa garaşylýar — howanyň temperaturasy kä ýerlerde +40°-dan hem geçer.
16-njy maýda Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda aşa yssy howa çaklanylýar, termometrleriň görkezijileri +40° we ondan ýokary bolup biler. 17-nji maýda iň ýokary temperatura Lebap we Mary welaýatlarynda garaşylýar — gündiz howa +38…+43° çenli gyzar.
17-nji maýyň agşamy we 18-nji maýa geçilýän gije howa şertleri demirgazyk-günbatar tarapyndan gelýän sowuk howa akymynyň täsiri bilen üýtgäp başlar: şemalyň güýçlenmegine, kä ýerlerde ýagşyň ýagmagyna we ýyldyrymyň çakmagyna garaşylýar.
Aşgabatda 16-njy maýda temperatura +35…+38° çenli ýetýär. 17-nji maýda bolsa yssy peselip başlar: gündiz +29…+33° bolar, agşam ep-esli salkynlaşar, ýagşyň we ýyldyrymyň bolmagy mümkin.
