Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bakuda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowy kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Azerbaýjan Respublikasynyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda Derýageldi Orazow azerbaýjan tarapyny Bütindünýä şäherler forumynyň 13-nji sessiýasynyň geçirilmegi bilen gutlady. Munuň özi Baku şäheriniň häzirki zaman şäherleşme meselelerindäki abraýyny açyp görkezýär. Ilham Aliýew türkmen tarapynyň Fizuli şäherinde täze metjidi gurmak baradaky möhüm ynsanperwer başlangyjy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny belledi.
Taraplar sebitde alnyp barylýan giň gerimli dikeldiş işleri barada pikir alyşdylar. Häzirki wagtda bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we durmuş maksatly desgalaryň görlüp-eşidilmedik möçberde gurluşygy dowam edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy saparyň dowamynda bu çäklere baryp görmegi, ýerinde amala aşyrylýan şäher gurluşyk taslamalary bilen tanyşmagy hem-de “akylly” şäherleri döretmek boýunça türkmen tejribesini paýlaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 17–22-nji maýy aralygynda Bakuda geçirilýän Bütindünýä şäherler forumynyň (WUF13) 13-nji sessiýasyna gatnaşýar. Şäherleşme meselelerine bagyşlanan we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly ýerler boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) tarapyndan guralýan bu esasy halkara maslahat ilkinji gezek Kawkaz sebitinde geçirilýär.
