Ekodünýä

ÝUNESKO we Bütindünýä meteorologiýa guramasy buzluklary gorap saklamagyň Halkara ýylynyň başlandygyny mälim etdiler
29.01.2025
|21:15
|643
Bütindünýä meteorologiýa guramasy (BMG) 2024-nji ýylyň taryhda iň yssy ýyl bolandygyny tassyklady we buzluklaryň eremeginiň howanyň ýagdaýyna edýän täsirine alada bildirdi. Howanyň üýtgemegi boýunça Hökümetara bilermenler toparynyň çaklamalaryna görä, XXI asyrda dünýäniň ähli sebitlerinde buzluklaryň azalmagy dowam eder

Özbegistanda «ýaşyl» energiýanyň paýyny 16%-den 26%-e çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär
29.01.2025
|14:02
|680
27-nji ýanwarda geçirilen maslahatda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, daşky gurşawy goramak we «ýaşyl ykdysadyýet» Ýylynyň döwlet maksatnamasynyň taslamasyny gözden geçirdi. Täze maksatnama boýunça «ýaşyl» energiýanyň paýyny ýylyň ahyryna çenli 26%-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Sebitleýin ekologiýa merkezi Merkezi Aziýanyň durnukly geljege goşandyny belledi
28.01.2025
|00:05
|388
26-njy ýanwar – BMG tarapyndan Halkara arassa energiýa güni diýlip yglan edilen sene bolup, dünýä jemgyýetçiligi bu güni adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa geçmekdäki ösüşleri bilen belleýär. Çaklamalara görä, şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ilkinji gezek dünýäde elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bahasy gitdigiçe arzanlaýar

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyryldy
23.01.2025
|10:05
|658
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Ýaşyl Klimat Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mowzuklar boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyrmak üçin tegelek stol geçirildi.

Türkmenistan oba hojalyk ekinleriň ýagdaýynyň monitoring ulgamyny kämilleşdirmek üçin uzak aralykdan zond arkaly barlamak tehnologiýasyny ornaşdyrýar
15.01.2025
|15:25
|562
Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýerden peýdalanmak we uzak aralykdan zond arkaly barlamak monitoring ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga başladylar. Şeýle çemeleşme hem milli, hem fermer hojalyklaryň derejesinde döwrebäp we netijeli çözgütleri kabul etmekde ýardam berýär.

Samsung täze enjamy satyn almazdan ulanyjylaryň köne smartfonlaryny satyn alyp başlaýar
14.01.2025
|12:10
|868
Samsung kompaniýasy “Galaxy Easy Compensation” atly täze maksatnamanyň işläp başlandygy barada habar berdi. Bu maksatnama ulanyjylara täze enjamy satyn almak borçnamasyz köne smartfonlaryny satmaga mümkinçilik berer.

Hemralar Hazarda “hyýaly” adanyň şeklini surata aldylar
13.01.2025
|15:45
|830
NASA degişli Landsat 8 we 9 enjamlary 2022-nji ýylyň noýabryndan 2024-nji ýylyň dekabryna çenli Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynyň birnäçe suratyny aldylar hem-de ol ýerde “hyýaly” adanyň şeklini ýüze çykardylar. Ol Azerbaýjanyň gündogar kenarýakasyndan, takmynan, 25 km uzaklykda ýerleşýär.

Microsoft we Amazon emeli aň üçin ekologiýa taýdan arassa energiýanyň gözleginde
13.01.2025
|11:50
|891
Soňky ýyllarda emeli aň (EA) tehnologiýanyň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi, bu hem maglumat merkezleri tarapyndan energiýanyň sarp edilşiniň ýokarlanmagyna getirdi.

Gazagystan Aral deňziniň ekoulgamyny dikeltmek işini güýçlendirmegi göz öňünde tutýar
09.01.2025
|16:00
|319
Gazagystan Aral deňziniň ekoulgamyny dikletmek boýunça uly işleri alyp barýar.

“NSS News” amerikan žurnalynda fransuz speleologlaryň Köýtendagdaky ekspedisiýasy barada makala neşir edildi
08.01.2025
|18:40
|653
“NSS News” amerikan žurnalynyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň sanynda şol ýylyň aprelinde geçirilen fransuz speleologlaryň (gowak öwrenijiler) Köýtendagdaky ekspedisiýasy barada makala neşir edildi. Makalada ekspedisiýaň maksatlary, geçirilen işler we seýrek tapyndylar barada giňişleýin maglumatlar berilen.