Ekodünýä

Sebitleýin ekologiýa merkezi Merkezi Aziýanyň durnukly geljege goşandyny belledi
28.01.2025
|00:05
|344
26-njy ýanwar – BMG tarapyndan Halkara arassa energiýa güni diýlip yglan edilen sene bolup, dünýä jemgyýetçiligi bu güni adamlaryň we planetanyň bähbidine arassa energiýa geçmekdäki ösüşleri bilen belleýär. Çaklamalara görä, şu ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ilkinji gezek dünýäde elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň bahasy gitdigiçe arzanlaýar

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyryldy
23.01.2025
|10:05
|492
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Ýaşyl Klimat Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mowzuklar boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyrmak üçin tegelek stol geçirildi.

Türkmenistan oba hojalyk ekinleriň ýagdaýynyň monitoring ulgamyny kämilleşdirmek üçin uzak aralykdan zond arkaly barlamak tehnologiýasyny ornaşdyrýar
15.01.2025
|15:25
|516
Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýerden peýdalanmak we uzak aralykdan zond arkaly barlamak monitoring ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga başladylar. Şeýle çemeleşme hem milli, hem fermer hojalyklaryň derejesinde döwrebäp we netijeli çözgütleri kabul etmekde ýardam berýär.

Samsung täze enjamy satyn almazdan ulanyjylaryň köne smartfonlaryny satyn alyp başlaýar
14.01.2025
|12:10
|719
Samsung kompaniýasy “Galaxy Easy Compensation” atly täze maksatnamanyň işläp başlandygy barada habar berdi. Bu maksatnama ulanyjylara täze enjamy satyn almak borçnamasyz köne smartfonlaryny satmaga mümkinçilik berer.

Hemralar Hazarda “hyýaly” adanyň şeklini surata aldylar
13.01.2025
|15:45
|679
NASA degişli Landsat 8 we 9 enjamlary 2022-nji ýylyň noýabryndan 2024-nji ýylyň dekabryna çenli Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynyň birnäçe suratyny aldylar hem-de ol ýerde “hyýaly” adanyň şeklini ýüze çykardylar. Ol Azerbaýjanyň gündogar kenarýakasyndan, takmynan, 25 km uzaklykda ýerleşýär.

Microsoft we Amazon emeli aň üçin ekologiýa taýdan arassa energiýanyň gözleginde
13.01.2025
|11:50
|765
Soňky ýyllarda emeli aň (EA) tehnologiýanyň çalt depginde ösýän ugurlarynyň birine öwrüldi, bu hem maglumat merkezleri tarapyndan energiýanyň sarp edilşiniň ýokarlanmagyna getirdi.

Gazagystan Aral deňziniň ekoulgamyny dikeltmek işini güýçlendirmegi göz öňünde tutýar
09.01.2025
|16:00
|269
Gazagystan Aral deňziniň ekoulgamyny dikletmek boýunça uly işleri alyp barýar.

“NSS News” amerikan žurnalynda fransuz speleologlaryň Köýtendagdaky ekspedisiýasy barada makala neşir edildi
08.01.2025
|18:40
|504
“NSS News” amerikan žurnalynyň 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň sanynda şol ýylyň aprelinde geçirilen fransuz speleologlaryň (gowak öwrenijiler) Köýtendagdaky ekspedisiýasy barada makala neşir edildi. Makalada ekspedisiýaň maksatlary, geçirilen işler we seýrek tapyndylar barada giňişleýin maglumatlar berilen.

Microsoft ekologiýa bolan ýaramaz täsiri peseltmek üçin “ýaşyl toplaýjylar” konsepsiýasyny hödürledi
30.12.2024
|10:24
|308
Ekologiýa bolan ýaramaz täsiri peseltmek maksady bilen Microsoft korporasiýasy “ýaşyl toplaýjylar” (GreenSKUs) konsepsiýasyny hödürledi. Bu konsespsiýa hasapdan aýrylan serwer komponentleriniň gaýtadan ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

Ýerde gije-gündiziñ dowamlylygy üýtgeýär
25.12.2024
|12:50
|596
Şweýsariýaly alymlar Ýeriñ eredilen demir ýadrosyndaky üýtgemeleriñ planetamyzda günuñ dowamlylygynyñ kiçiräk üýtgäp durmalarynyñ sebäbi bolup bilýändigini çaklaýarlar. Gije-gündiziñ durnukly ýaly görünýändigine garamazdan, hakykatda bolsa ol üýtgäp dur, bu kanunylyk uzak wagt möçberlerinde duýulyp başlandy. Bu barlaglar "Geophysical Research Letters (GRL)" žurnalynda çap edildi.