Medeniýet

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň baştutany: döredijilik ýoly we türkmen şekillendiriş sungaty hakynda
22.05.2023
|17:29
|4366
ORIENT Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow bilen onuň Stambula saparyndan soňra söhbetdeş boldy, ol ýerde türkmen suratkeşleri «Respublikanyň 100 ýyllygyna 100 surat» taslamasynyň çäklerinde Türkiýäniň we Türkmenistanyň gözelligini beýan etdiler.

Saz sungatyny öwrenijiler Maýa Kulyýewa adtndaky TMK-da mowzuklaýyn hepdeligi geçirdiler
21.05.2023
|21:25
|1470
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, gurnaýjylaryň kompozitor Nury Halmämmedowyň ýubileýine bagyşlan her ýylky mowzuklaýyn hepdeligi geçirildi. Baýramçylyklar eýýäm kompozitoryň portretleri bilen bezelen konserwatoriýanyň giň we ýagty zalynda başlandy. Ähli myhmanlara myhmansöýerligi we mähirliligi alamatlandyrýan adaty pişme hödür-kerem edildi.

Aşgabatda kompozitor Daňatar Hydyrowyň eserlerinden ýubileý konserti geçirildi
21.05.2023
|19:23
|2029
Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda kompozitor Daňatar Hydyrowyň eserlerinden konsert geçirildi. Bu ýyl ussat ýubileýini belleýär we şonuň bilen birlikde, dabaraly maksatnama ýyllar boýy ýerine ýetirilen işler üçin özboluşly saz hasabatyna öwrüldi.

Goşa ýubileý: «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň gala konserti
19.05.2023
|16:07
|1784
«Jübüt» doglan gün ýa-da goşa ýubileý – ynha, «Mukam» skripkaçylar ansamblynyň Aşgabatda, Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda geçirilen uly gala konsertini şeýdip atlandyryp bolýar. Ansamblyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark 85 ýaşady we bu meşhur sazçylyk toparynyň döredilmegine 45 ýyl boldy.

Wiolonçelli maý agşamy: "Sazyň maksady - ýüreklere ýetmek"
18.05.2023
|01:28
|1001
Maý agşamlarynyň birinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda wiolonçel saz guraly konsertiň esasyny düzdi. Ýekelikde ýerine ýetirilýän maksatnama bilen halypa mugallym Kakageldi Hojalekowyň şägirdi - halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi Aýlar Annamyradowa çykyş etdi.

Kameratanyň ykbaly hakda, ýa-da Kamerata - ol ýerde, Kamerata - bu ýerde
12.05.2023
|00:53
|1529
Günleriň birinde türkmen saz sahnasynyň birnäçe ýyldyzy gürleşdiler we Aşgabadyň Kameratasy ýa-da Aşgabatly Kamerata (AK) atly täze topar döretmek kararyna geldiler. Bu karar hemmeleriň, ilkinji nobatda bolsa, bize – minnetdar diňleýjiler goşunymyzyň peýdasyna boldy.

Türkmen milli konserwatoriýasy 9-njy maýa bagyşlap konsert geçirdi we weteranlary dabaraly gutlady
09.05.2023
|22:57
|1586
Adama bagtly bolmak üçin köp zat gerekmi? Onuň diňe bir jogaby bar – hemme zat deňeşdirilende belli bolýar. XXI asyrymyzyň belentliginden, biz geçen 40-njy ýyllardaky atalarymyzy we garry atalarymyzy doly düşünip biljegimiz näbelli.

Ýeňiş hakda saz ýyl ýazgysy: konserwatoriýada türkmen artistleriniň konserti geçirildi
05.05.2023
|19:34
|2612
«Ýeňiş sazy» 9-njy maýyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň weteranlaryny we Aşgabadyň saz söýüjilerini baýramçylyk konsertine ýygnady. Eýýäm gowy däbe öwrülen Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan aýdymlaryň agşamy, 3-nji maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda geçirildi.

Günleriň birinde konserwatoriýada, ýazda ...
03.05.2023
|01:17
|1890
Adatça ýazda näme bolýar? Hrustal monjuklar bilen damjalar kakýar, ýaşyllyklar gögerip başlaýar, gün gyzgyny çoýýar. Tebigat aýdym guşlarynyň hory we şarlap akýan çeşmeler tarapyndan ýerine ýetirilýän bahar simfoniýalaryny «ýazýar» we çotgasyny ýagyş damjalaryna batyryp hem-de älemgoşar reňklerinde boýaglary garyp, gül peýzažlaryny «çekýär».

Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş kompozitorlaryň çykyşy: sözsoňy däl, sözbaşy
23.04.2023
|23:58
|2367
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Kompozisiýa we saz gurallary öwreniş kafedrasynyň hepdeliginiň” soňky gününde kompozisiýa synpynyň talyplarynyň döreden eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Çykyş edýänler bu çärä çynlakaý we jogapkärçilikli taýýarlandylar. Konsert zalynda diňe bir konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary däl, eýsem sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymlary, şeýle-de ýaş awtorlaryň ýakynlary we dost-ýarlary ýygnandy.