Fergana parahatçylyk forumy: Türkmenistanly bilermenler durnuklylyk we ösüş strategiýasynyň işlenip düzülmegine gatnaşýarlar
15.10.2025 | 10:00 |15-nji oktýabrda Fergana parahatçylyk forumynyň “Fergana jülgesi: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna tagallalara goşulyşmak” atly birinji mejlisiniň açylyşy boldy. Oňa gatnaşan wekilýetleriň arasynda – Türkmenistandan hem bilermenler bar.
Forum, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty bilen bilelikde Ösüş özgertmeleri merkezi, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG), Halkara suw serişdelerini dolandyryş instituty we Parahatçylygy dörediji merkezi, parahatçylygy gurmak we jemgyýetçilik agzybirligi bilen meşgullanýan abraýly halkara guramalary birleşdirýän meýdança tarapyndan gurnaldy.
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, GDA-dan, Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlaryndan 300-den gowrak adam gatnaşdy. Hormatly myhmanlaryň arasynda – UNRCCA-nyň ýolbaçysy Kaha Imnadze, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduards Stipraýs, ÝHHG-niň gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça merkeziniň direktory Keýt Firon, CICA-nyň Baş sekretary Kaýrat Sarybaý, ŞHG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Han Sohaýl we BMG-niň Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky we Özbegistandaky Hemişelik utgaşdyryjylary bar.
Raýat jemgyýetiniň wekilleri, ýaşlar, zenanlar bileleşigi we bilermen-akademiki toparlar, şeýle hem Germaniýanyň Berghof Gaznasy, Finlýandiýanyň M.Ahtisaari adyndaky Parahatçylyk gaznasy, Şweýsariýanyň PisNeksus Gaznasy we Stokgolm halkara parahatçylyk ylmy-barlag instituty ýaly parahatçylygy döretmek ugrundaky öňdebaryjy halkara guramalary gatnaşýarlar.
Forumyň esasy maksady – dialogy, birek-birege ynamy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Fergana jülgesi üçin umumy ösüş strategiýasyny ösdürmek üçin hemişelik meýdançany döretmekden ybaratdyr.
Gün tertibinde – Fergana jülgesiniň uzakmöhletleýin we durnukly ösüşini üpjün etmek, ykdysady mümkinçiligini açmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, hususy pudagyň, ýaşlaryň we raýat jemgyýetiniň ornuny giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak.