Makalalar
Çikagonyň merkezindäki türkmen döredijiligi bilen rus restorany
07.09.2023
|21:59
|1394
Amerikanyň Çikago şäheriniň merkezinde eýýam 30 ýyldan bäri işleýän “Russian Tea Time” restoranyna esasan ABŞ-da ýaşaýan öňki Sowet Soýuzynyň immigrantlary naharlanmaga gelýärler. Bu amatly gastronomiki giňişligi iki sany türkmen zenanlary - uýalar Eneş bilen Altyn dolandyrýarl. CSB Chicago öz sahypalarynda şeýle belleýär: Olar bu ýeri raýatlar üçin iň halanylýan ýerleriň birine öwürdiler, bu ýerde türkmen milli aşhanasynyň şeýle-de Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň, öňki Sowet respublikalarynyň hem-de dünýäniň beýleki ýurtlarynyň tagamly naharlaryny dadyp bilersiňiz.
Suwasty hokkeý ýa-da peýnir ýaryşy: sportuň iň üýtgeşik görnüşleridir
04.09.2023
|00:01
|2571
Sport bu - köpümiziň çynlakaý çemeleşýän ýa-da käwagtlar meşgullanýan zadymyzdyr. Iň meşhur sport görnüşleri bütin dünýäde tanalýar we käbir adamlar janköýer ýa-da türgen hökmünde sporta goşulýarlar. Ýöne onuň gaty üýtgeşik, geň görnüşleri hem bar. Olar giňden tanalmaýar ýa-da oňa amal edilmän hem biler, şeýle-de bolsa sportuň bu görnüşleri ünsi we bilesigelijiligi özüne çekýär. Bu ýygyndyda biz dünýädäki iň üýtgeşik sport görnüşleri barada söhbet ederis.
Magtymguly barada filmi surata düşürýän döredijilik topary Moskwa bardylar
02.09.2023
|14:35
|2064
Magtymguly Pyragy barada film surata düşürýän Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijlik topary Moskwada bir günlük iş saparynda boldular. Olar kompozitor Mämmet Guseýnowyň gatnaşmagynda filmiň köpşahalay opera ýerine ýetirilýän sýužeti ekrana geçirýärler.
Brýusselde baýramçylyk agşamy: Türkmenistanyň baý mirasy bilen bezelen medeni çäre
01.09.2023
|20:45
|2289
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy, «Diplomatic World» instituty bilen bilelikde 31-nji awgustda agşam Brýusselde "Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary" atly sergi geçirdi.
Rushyzmatdaşlygy agentligi Türkmenistandan rus dili mugallymlaryny birnäçe metodiki çärelere gatnaşmaga çagyrýar
29.08.2023
|13:41
|1463
Rushyzmatdaşlygy agentligi we Halkara Zähmeti Goramak instituty daşary ýurtlardaky, şol sanda Türkmenistanyň rus dili mugallymlary, üçin "Rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmek boýunça okuw guramasy" atly uzak metodiki çäreler geçirýärler.
Amerikan dynç alyşy: türkmen talybynyň üstünliginiň çeşmesi
28.08.2023
|18:28
|1914
Tomus hemmede dynç alyş bilen baglanyşdyrylýar we herkim dynç alyş möwsümini nähili geçirjekdigini özi saýlaýar. Talyp – Güljeren Mämmedowa hem öz kararyny berdi. Ol ABŞ-nyň «Lider gyzlar üçin SUSI» gysga möhletli okuw maksatnamasynyň ýeňijisi bolup, tomusky dynç alyşynyň bir bölegini Sietl şäherinde öndümli okamaga bagyşlady.
Gadymy döwürden şu güne çenli: boks hakda 15 üýtgeşik we gyzykly hakykatlar
27.08.2023
|23:17
|3363
Boks – dünýädäki millionlarça janköýerleri özüne çekýän başa-baş söweş sungatynyň iň gadymy we meşhur görnüşlerinden biridir. Sportyň bu görnüşinde baý taryhy, köp üstünlikleri we rekordlary, şeýle hem gyzykly aýratynlyklary we däpleri bar.
Türkiýäniň Egeý deňzindäki ajaýyp adalary sizi dynç almaga çagyrýar
26.08.2023
|18:50
|2884
Türk deňziniň iň owadan adalary bolan, Gökjeada, Bozjaada we Kunda daş jaýlarda, ajaýyp deňiz kenarlarynda we gezelençlerde ajaýyp türk ertirlikleri, günüň ajaýyp batmagy bilen adaty meýdançalarda agşamlyk naharlary syýahatçylara hödürleýär. Bu adalaryň haýsysy size makul we dynç alyşa gitmek üçin has amatly, hünärmenleriň birnäçe maslahatyny okanyňyzdan soň siz muňa karar berip bilersiňiz.
Türkmenistan - ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri we onuň geljegi
17.08.2023
|22:11
|2616
7-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli "Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk" atly dabaraly maslahat geçirildi. Ministrlik tarapyndan guralan foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmençe miksologiýa, ýa-da Garagumda güneş batyşyny nädip dadyp bolar?
17.08.2023
|19:19
|1452
Elbetde, herkimiň öz täsinligi bar. Kimdir biri üçin bu düýpsüz giňligi bilen onuň üstünden ýaýylan asmanyň we yssy ýeriň gaty sessizligi bilen haýran galdyrýan çöl peýzažydyr. Beýlekiler üçin bolsa, palma agaçlary bolan şadyýan we sesli plýaž ýa-da tekepbirligi bilen özüne çekýän garly gaýalar we buzly depelrdir. Uly şäherlerden tejribeli jahankeşdeleri döwrebäp myhmanhanalary özüne çekmeýär – olar ýerli obalylaryň obalarynda we öýlerinde durmuşy bilen tanyşmagy halaýarlar. Welaýat künjekleriniň ýaşaýjylaryna bolsa, «daş jeňňelikleriniň» ýalpyldaýan witrinalary we fasadlaryna çykyp, adamlaryň arasynda çuň tokaýda ýaly ýitip bolýan şäher gysnyşyklygy gyzykly. Ýöne bularyň hemmesini garyşdyrmagy halaýanlar hem bar/ esasy zat – deň ölçerliligine düşünmek we durmuşyň lezzetini almak, ony baýram etmegi başarmakdyr!