Daşoguzyň ykdysatçylary futzal boýunça welaýat çempionatyna işjeň gatnaşdylar
13.10.2025 | 10:20 |Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň welaýatyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde guramagynda, welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempionatynyň 2025-nji ýyldaky tapgyry geçirildi. Her ýyl ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmesi asylly däbe öwrülen hem-de ykdysady pudagyň ýaşlarynyň uly höwes bilen gatnaşýan bäsleşigi Daşoguz şäherindäki “Garaşsyzlyk” sport desgasynyň ýapyk meýdançasynda geçirildi. Oýunlar biri-birinden gyzykly we gyzgalaňly ýagdaýda geçdi.
Netije-de, Daşoguz welaýat “Türkmenstandartlary” döwlet gullugynyň ýygyndy topary 1-nji orna hem-de welaýatyň ykdysady pudagynyň edaralarynyň arasynda futzal boýunça Daşoguz welaýatynyň çempiony diýen hormatly ada mynasyp boldy. Daşoguz welaýat salgyt bölüminiň hem-de Daşoguz welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň ýygyndy toparlary degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýelediler. Toparlaryň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
ORIENT