“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň IV-nji oýny geçiriler
27.02.2023 | 16:592023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda 2022-2023-nji okuw ýylyndaky “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň IV oýny geçiriler.
"Dialog - parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti" atly umumy şygar astynda geçirilýän II möwsümiň IV oýnunyň temasy "Gadymy ariýalylaryň we Hindistanyň siwilizasiýalary: diplomatiýanyň ruhy-ahlak esaslary" diýlip atlandyrylýar.
Bäsleşigiň guramaçylyk komiteti ýaryşyň II möwsümiň IV oýnuna gatnaşmak hukugyna eýe bolan okuwçylara DIM HGI-niň internet sahypasynda sanawy berlen degişli edebiýatlar bilen tanyşmagy maslahat berýär.
Habarlaşmak üçin: parahatchylygynchaparlary@gmail.com