2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul ediljek ýerleri we wagty
15.07.2025 | 16:59 |Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgär ýaşlaryň resmi iş kagyzlary her orta hünär okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerinde (öz binalarynda) kabul edilýär.
Iş wagty: 14.07.2025ý. – 18.08.2025ý. aralygynda: (şol sanda dynç alyş günleri hem) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
Has takygу: mugallymçylyk, lukmançylyk, medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdepleri – 14.07.2025ý. – 27.07.2025ý. aralygynda; - galan orta hünär okuw mekdepleri – 14.07.2025 – 18.08.2025ý. aralygynda.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şeýle-de welaýat merkezlerinde kabul edilýär.
Giňişleýin maglumatlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz!
BELLIK
-
Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerine Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary ýokary okuw mekdepleriniň özünde (ýerleşýän ýerinde) kabul edilýär.
-
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary Akademiýanyň özünde (Arkadag şäherinde) kabul edilýär.
-
Türkmen döwlet medeniyet institutyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna hem-de Maya Kulyyewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna ähli welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boyunça resmi iş kagyzlary görkezilen ýokary okuw mekdepleriniň öz binalarynda (Aşgabat şäherinde) kabul edilýär.
-
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boyunça resmi iş kagyzlary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda kabuledilýär.
-
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resmi iş kagyzlary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda kabul edilýär.
-
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine Aşgabat we Arkadag şäherleri boyunça resmi iş kagyzlary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiyalar uniwersitetinde kabul edilýär.
7. Ahal welaýaty boyunça resmi iş kagyzlary:
- sanawdaky 1-9 aralygyndaky ÝOM-lara Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebinde kabul edilýär (salgysy: Änew şäheriniň Hazar köçesiniň 72-nji jaý), tel.: (800137) 45496;
- sanawdaky 10-19 aralygyndaky ÝOM-lara Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 1-nji orta mekdebinde kabul edilýär (salgysy: Änew şäheriniň Keýmir kör köçesiniň 1-nji jaýy), tel.: (800137) 36214.
Iş wagty: 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda (şol sanda dynç alyş günleri hem) 8:00-dan 18:00-a çenli. Arakesme 13:00-dan 14:00-a çenli.
ORIENT