NVIDIA we StrategEast Merkezi Ýewraziýa startaplary üçin onlaýn sessiýasyny geçirer
15.07.2025 | 12:50 |NVIDIA tehnologiýa ägirdi StrategEast guramasy bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Ýewraziýa sebitindäki startaplar üçin onlaýn maglumat sessiýasynyň geçirilmegi barada yglan etdi.
Bu çäre 30-njy iýulda sagat 17:00-da (UTC+4) geçiriler we ýokary tehnologiýaly startaplaryň ösüşini çaltlandyrmaga gönükdirilen NVIDIA Inception halkara maksatnamasyna bagyşlanar.
Sessiýanyň dowamynda gatnaşyjylar emeli aň we ýokary tehnologiýalara ýöriteleşen startaplary goldamak üçin döredilen NVIDIA Inception maksatnamasy bilen tanyşarlar. Bu maksatnama ösüşi we giňelmegi höweslendirmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär:
• NVIDIA hünärmenlerinden okuwlar we ösüş gurallaryna elýeterlilik.
• NVIDIA-nyň önümleri we öňdebaryjy çözgütleri boýunça ýörite şertler.
• Kompaniýanyň hyzmatdaşlaryndan bulut platformalaryna elýeterlilik.
• Halkara maýadarlar ulgamyna (Inception VC Alliance) goşulmak mümkinçiligi.
• Dünýäniň dürli künjeklerinden 25 000-den gowrak innowasion startapdan ybarat global jemgyýete goşulmak.
Maglumat sessiýasy, öňdebaryjy emeli aň tehnologiýalary we halkara hyzmatdaşlyk arkaly giňelmäge ymtylýan Gazagystan we beýleki sebit ýurtlarynyň startaplary üçin niýetlenendir. Bu — sebitiň startaplarynyň ösüşini ep-esli çaltlandyryp biljek global tejribä we serişdelere göni elýeterlilikdir.
Bu başlangyjyň sebitde emeli aň we ýokary tehnologiýalar ekoulgamynyň ösüşine uly goşant goşjakdygyna, täze innowasion taslamalaryň ýüze çykmagyna ýardam etjekdigine garaşylýar.
Hasaba alynmak üçin şu salgy boýunça geçiň: https://t1z9b.share.hsforms.com/2Rd2JrZl6RDiMYEISnwd1zg
ORIENT