STAMBUL, 21-nji maý — Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet 19–21-nji maý aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen “Deňze çykalgasy bolmadyk we üstaşyr ykdysadyýetli ýurtlar üçin sanly özgertmeler hem-de emeli aň” (Digital & AI Transformation for Landlocked & Transit Economies) atly ýöriteleşdirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.
Bilim maksatnamasynyň guramaçylary hökmünde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) Stambuldaky sebit merkezi we Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti çykyş etdi.
Emeli aňyň amaly çözgütleri üns merkezinde Üç gün dowam eden intensiw okuw maslahatynyň aýratynlygy onuň interaktiw görnüşde geçirilmeginden ybarat boldy. Nazary sapaklar toparlaýyn amaly işler bilen utgaşdyrylyp, dürli ýurtlardan gelen gatnaşyjylar öz döwletleriniň şertlerine laýyklykda emeli aň (EA) gurallaryny ulanmak arkaly sanly çözgütleri bilelikde taýýarladylar.
Maksatnamanyň dowamynda hünärmenler şu ugurlar boýunça bilim aldylar:
• Hökümetler üçin sanly özgertmeleriň bäş esasy ölçegi.
• Sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyny (DPI) dolandyrmak we maglumat garaşsyzlygy meseleleri.
• Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň döwlet pudagy üçin emeli aňy ulanmagyň amaly mümkinçilikleri.
• Ýörite gurallar toplumy (Impact Assessment Toolkit) arkaly emeli aňyň adam hukuklaryna ýetirýän täsirine baha bermek.
Pikirden prototipe çenli
Amaly bölümde gatnaşyjylar diňe bir nazary meseleleri öwrenmek bilen çäklenmän, üstaşyr we logistika işlerini kämilleşdirmek üçin emeli aň çözgütleriniň hakyky prototiplerini döretdiler hem-de degişli edaralar üçin strategik seljeriş maglumatlaryny taýýarladylar.
Okuw maslahatynyň jemleýji gününde işlenip düzülen taslamalar goraldy we döredilen emeli aň prototipleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Stambulda geçirilen bu okuw maslahatynda alnan bilimler we emeli aň bilen işlemek boýunça amaly başarnyklar IT hünärmenlerine öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de sanly gurallary aragatnaşyk we logistika infrastrukturasyna has netijeli ornaşdyrmaga ýardam eder.
