
Ýakyn Gündogardaky dartgynly ýagdaý sebäpli Hazar sebitiniň üsti bilen geçýän ulag ugurlaryna bolan isleg artýar. Şeýle şertlerde Türkmenistan halkara logistika geçelgeleriniň iň möhüm üstaşyr baglanyşyklarynyň biri hökmünde öz ornuny güýçlendirýär diýip, trans.ru habar berýär.
Neşiriň bellemegine görä, Hytaý harytlary Eýrana ibermek üçin «Demirgazyk–Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyndan peýdalanmagy işjeňleşdirdi. Bu ugur Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden geçýär. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa ugruna iberilýän ýükleriň bir bölegi Hazarüsti halkara ulag geçelgesine gönükdirildi.
Soňky ýyllarda Hazar ulag geçelgelerine bolan gyzyklanma eýýäm ikinji gezek ýokarlanýar. Mundan ozal olaryň ähmiýeti 2022-nji ýylda, ýurtlara adaty ugurlaryň daşyndan geçýän alternatiw ýük daşama ýollary zerur bolanda ep-esli artdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan arkaly geçýän «Demirgazyk–Günorta» geçelgesiniň gündogar şahasyna aýratyn üns berilýär. ORIENT-iň habar berşi ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar–aprel aýlarynda ýurduň çäginden geçen konteýner daşamalarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 70% artdy.
Şu ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistanyň demir ýollary arkaly «Hytaý–Eýran» ugry boýunça 19 konteýner otlusy hem-de «Russiýa–Eýran–Russiýa» ugry boýunça 25 otly düzümi hereket etdi.
Hazar ugurlarynyň ähmiýetiniň artmagy Ormuz bogazyndaky we Sues kanalydaky gämi gatnawyna girizilen çäklendirmeler bilen hem baglydyr. Netijede, Hytaý we beýleki döwletler Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi arkaly geçýän ugurlary öz içine alýan guryýer ulag geçelgelerini has işjeň peýdalanmaga mejbur bolýarlar.
Argus agentliginiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýdan Gazagystan we Azerbaýjan arkaly geçen üstaşyr ýük otlularynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esseden hem gowrak artdy.