Iň täze habarlar

Pekinde 8-nji Bütindünýä robot konferensiýasy açyldy

17.08.2023 | 12:20 |
 Pekinde 8-nji Bütindünýä robot konferensiýasy açyldy

Pekinde robot tehnikasy boýynça VIII Bütindünýä maslahaty geçirildi, bu ýerde Hytaýdan we beýleki ýurtlardan 140-dan gowrak kompaniýa akylly maşynlar pudagyndaky soňky oýlap tapyşlarynyň 600-e golaýyny görkezdi. Guramaçylar bu çäräniň 25 halkara guramasynyň goldawyny alandygyny aýtdy – diýip, Hytaýyň Sinhua neşiri habar berýär.

Maslahat Pekiniň Halk hökümeti we Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we informatizasiýa ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy. Sergi pawilionlarynyň meýdany 45 müň inedördül metre deňdir.

Forumda ASEAN, ÝB, Angliýa, Kanada, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany, ABŞ we Ýaponiýa ýaly dürli ýurtlaryň bilermenleri çykyş etdiler. Maslahatyň maksady robot tehniksay ulgamynda taslamalaryň halkaralaşmagyna we işläp düzüjiler bilen öndürijileriň arasyndaky hyzmatdaşlyk arkaly halkara senagat zynjyrlaryny berkitmekden ybarat.

Sergä gelenler öý hojalygynda, oba hojalygynda ulanmak, gurluşyk we materiallary gaýtadan işlemek, energiýa, söwda we logistika, saglygy goraýyş, şeýle hem halas ediş we betbagtçylyklaryň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmak ýaly ugurlarda ulanmak üçin robot öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň täze önümleri bilen tanyşdylar. Sergä gatnaşanlaryň arasynda 2022-nji ýylyň awgust aýynda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň baryp gören “Siasun Robot & Automation”, Günorta Koreýanyň “Hyundai Robotics Investment”, Ýaponiýanyň “Yamaha Engine” ýaly kompaniýalar bar.

HHR-iň Senagat we Informatizasiýa ministrliginiň Birinji müdirliginiň başlygynyň orunbasary Wan Hun: "Hytaý Kommunistik partiýasy we Döwlet Geňeşi tehniki innowasiýalary ösdürmek we amaly ugurlaryny giňeltmek üçin strategiki çäreleri işjeň alyp barýarlar" - diýdi. Onuň pikiriçe, Hytaýyň robotçylyk pudagy ylmy we tehnologiki galkynyşyň täze tapgyryny ösdürmek üçin "ägirt uly mümkinçiliklere" eýe, şeýle-de bolsa "köp kynçylyklar" bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bütindünýä robot maslahaty Hytaýda 2015-nji ýyldan bäri geçirilýär. Sekiz ýylyň dowamynda her ýylky forumlarda 2000-den gowrak resmi adamlar we pudak wekilleri, şol sanda 700 daşary ýurtly hünärmen çykyş etdi. Olar akylly maşynlary döretmek, öndürmek we işletmek boýunça derwaýys meselelere bagyşlanan 100-e golaý tematiki bölümleriň işine gatnaşdylar. Sergilere 1 milliondan gowrak adam geldi.

ORIENT news

Foto: Xinhua

Şeýle hem okaň: