Iň täze habarlar

Türkmenistanyň täze söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bellenildi

12.07.2025 | 02:07 |
 Türkmenistanyň täze söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine Nazar Agahanow bellenildi.

Bu wezipä geçmezden ozal Nazar Agahanow bu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesini eýeleýärdi. Ol başga işe geçýänligi sebäpli bu wezipeden boşadyldy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň çäginde döwlet Baştutany Kerimberdi Gurbanowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinden boşatmak baradaky Karara hem gol çekdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: