Iň täze habarlar

Hytaý senagatda robotlaryň ulanylyşyny giňelder

22.08.2023 | 17:16 |
 Hytaý senagatda robotlaryň ulanylyşyny giňelder

Hytaý 2025-nji ýyla çenli robot tehnikalary işjeň ösdürmek we robotlary halk hojalygynyň on pudagyna ornaşdyrmak isleýär diýip, South China Morning Post habar berýär.

Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we Informasiýa ministriniň orunbasary Sin Gobin Bütindünýä Robot tehnikasy konferensiýasynda aýtdy. Ol, robot tehnikalarynyň maýa goýum we innowasiýa üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýän rewolýusiýa böküşini başdan geçirýändigini aýtdy.

Bu ugry goldamak üçin Pekin, robot kompaniýalarynyň köpçülige açylmagyna maliýeleşdirmek we kömek etmek üçin 10 milliard ýuana (1,4 milliard dollar) robot senagaty gaznasyny döretdi.

Hytaý dünýä boýunçai iň uly robot bazary bolup durýar. Ol 2022-nji ýylda dünýädäki senagat robotlarynyň ýarysyndan gowragyny oturtdy. 2015-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Hytaýda senagat robotlarynyň önümçiligi 10 esse artdy we 366 müň birlik boldy.

Geçen ýyl bu pudakdan girdeji 170 milliard ýuandan (23 milliard dollar) geçdi. Uly maýa goýumlary sebäpli Hytaý 2021-nji ýylda dünýäde ABŞ-dan öňe geçip, bäşinji boldy.

ORIENT news

Foto: scmp

Şeýle hem okaň: