Nowruzda küşt baýramçylygy: Türkmenistanyň Gran-prisiniň Aşgabatdaky tapgyrynyň netijeleri
22.03.2025 | 20:05 |Gündogaryň iň ähmiýetli we söýgüli baýramçylyklaryndan biri – Halkara Nowruz güni – täze küşt ýaryşynyň Türkmenistan Gran-prisiniň birinji tapgyry paýtagtyň Küşt we şaşka mekdebinde tamamlandy.
Bu ýaryş alty tapgyrdan ybaratdyr bolup Türkmenistanyň bäş welaýatynynda tapgyralary geçiriler, onuň final tapgyry bolsa utulan çykdy oýny bilen Aşgabat şäherinde. 17-nji martda başlanan birinji tapgyra 130 gatnaşyjy gatnaşdy: açyk kategoriýada 86, zenanlaryň kategoriýasynda 44. Häzirki wagtda oýunçylar umumy sanaw üçin möhüm utuklary gazanýarlar.
Zenanlaryň kategoriýasyndaky garaşylmadyk ýagdaýlar
Zenanlar kategoriýasynda ýaryşyň ýeňijisi, 2024-nji ýylda Budapeştde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynyň “C” kategoriýasynda altyn medal gazanan Eneş Arazmedowa (FIDE reýting 1811), boldy. Bäsleşige altynjy ekiş belgisine garamazdan, Eneş has tejribeli garşydaşlaryndan öňe geçip, 7,5 utuk bilen birinji ýeri eýelemegi başardy, bu bolsa reýtingini 96 utuk ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Ol Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda tälim alýar.
7 utuk bilen ikinji ýeri Türkmenabatdaky 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülmira Seýilhanowa (reýting 1926) eýeledi.
Üçünji ýeri dört küştçi 6,5 utuk bilen paýlaşdy, ýöne goşmaça görkezijiler üçin bürünç medal, häzirki wagtda Serdar Annaberdiýewiň elinde bilen tälim alýan FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär Bägül Ezizowa (1939 reýting) eýe boldy.
Ýaş küştçiler has uly garşydaşlaryna mynasyp garşylyk görkezdiler. Ýaş küştçileriň arasynda Aýa Baýramowa (6-njy ýer, 6,5 utuk), Nurana Söýünowa (7-nji ýer, 6 utuk) we Dilber Hupbyýewa (9-njy ýer, 6 utuk) dagylar tapawutlandylar.
Aýratynam Nurana Söýunowanyň reýtinginiň gowulanmagy aýratyn täsir galdyrdy, ýagny 126 utuk goşdy. Türkmenistanyň zenanlar toparynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew, bu gyzlaryň geljekde halkara ýaryşlarynda çykyşlaryna umyt baglaýar.
Ýaryşyň innowasiýasy: göni ýaýlym hakyky wagtda
Ýaryşyň haýran galdyryjy täzeliklerinden biri – Türkmenistanda küşt üçin hakykatdanam öňe tarap ädim bolan oýunlaryň hakyky wagtynda göni ýaýlyma berilmegi boldy. Synag tertibinde açyk kategoriýada 7 tagta we zenanlar kategoriýasynda 3 tagta hödürlendi.
Bu, ýöriteleşdirilen küşt enjamlaryny öndüriji Gollandiýanyň DGT kompaniýasy we öňdebaryjy türkmen IT kompaniýasy “Imdat Elektronika” bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde mümkin boldy.
Açyk kategoriýa: Hommadowyň agalygy
Ýaryşyň açyk kategoriýasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Amanmuhammet Hommadow (2251 reýting) altyn medala mynasyp boldy. Serdar Annaberdiýewiň şägirdi mümkin bolan 9 oýundan 8 utuk toplady, ýekeje oýunda-da ýeňilmedi – 7 ýeňiş we 2 deňlik.
Bu kategoriýadaky kümüş we bürünç medal ugrundaky göreş dartgynly boldy, sebäbi dört oýunçy hersi 7 utuk toplady we medallaryň ykbalyny görkezijiler kesgitledi.
Kümüş medala Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Läle Şöhradowa (reýting 2137) mynasyp boldy.
Bürünç medaly Türkmenabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň okuwçysy Serdar Baýramow (1998 reýting) gazandy.
Zenanlar kategoriýasynda Ýokary liga – 2025-iň çempiony Jahan Rejepowa 6.5 utuk toplap, 86 gatnaşyjynyň arasynda 7-nji ýeri eýeledi.
Bäsleşik “Küşt Älemi” küşt akademiýasynyň, “TurkmenExpo” kompaniýasynyň, “Belle” media ulgamynyň we “Orient.tm” media ulgamynyň goldawy bilen gurnaldy.
Ýaryşyň doly netijelerini aşakdaky salgyda tapyp bilersiňiz: https://chess-results.com/tnr1137131.aspx?lan=11&art=4
Türkmenistanyň Gran-prisiniň indiki tapgyry şu ýylyň maý aýynda Balkan welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilýär diiýip, Küşt federasiýasynda habar berildi.
ORIENT