Halk Maslahatynyň Başlygy TOPH – Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine ak pata berdi
20.10.2025 | 19:50 |Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan «Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat–Hyrat» ugry boýunça uzaldylýan täze tapgyrynyň amala aşyrylmagyna ak pata berdi.
20-nji oktýabrda Owganystanyň Hyrat welaýatynda «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat» gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli geçirilen dabaraly mejlisdäki çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, häzirki wagtda türkmen tebigy gazynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de daşarky bazarlara ygtybarly ibermek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan täze, halkara ähmiýetli gaz geçirijileri çekmek babatda alnyp barylýan işler hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
«Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda eksport etmäge mümkinçilik berýär. Şunda sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasy uly ähmiýete eýedir. Bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Bu taslama tutuş sebitiň durnukly ösüşine täze itergi bermäge gönükdirilendir» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmegi hem halkara derejesindäki möhüm wakalaryň biri bolandygyny nygtady.
Şol gün Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyny görkezýän täze desgalar ulanmaga berildi, möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagy iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň bellemegine görä, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisi sebitiň hem-de goňşy döwletleriň gülläp ösmeginde, ykdysady taýdan durnukly giňişligiň emele gelmeginde örän möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirildi. Ine bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Bu taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Taslamanyň gurluşygy 200-den gowrak täze häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi. Bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler. Şeýle hem, bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Mundan başga-da, her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem sebite hem öz oňyn täsirini ýetirer.
Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada – ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat–Hyrat» gaz geçirijisiniň täze tapgyrynyň amala aşyrylmagyna ak pata berip, ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bolandygyny belläp geçdi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp sanly ugurlary öz içine alýar. Bu ugurlara özara söwda, maýa goýumlary hem-de işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň uly ähmiýetiniň bardygyny hem aýratyn belledi. Indi köp ýyllardan bäri belli amerikan kompaniýalary Türkmenistanda uly işleri durmuşa geçirýärler. Olaryň arasynda «Boeing», «Case New Holland», «John Deere», «Caterpillar», «General Electriс», «Sikorsky», «Nicklaus Design» ýaly kompaniýalar bar.
Halk Maslahatynyň Başlygy aýratyn-da, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasynyň konsultant-maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belläp geçdi. Bu kompaniýa bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.
Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III halkara maslahaty Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam etdi.
Ýakynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat bilen bagly «Awaza syýasy Jarnamasy» atly kararnama biragyzdan kabul edildi.
Bu halkara maslahaty bilen bagly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp hem öz gutlagyny iberipdi.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi diýip, TDH habar berýär.