Türkmenistan Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň maslahatynda adalatly sport ýörelgelerine ygrarlylygyny tassyklady
21.10.2025 | 17:55 |Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda 20–22-nji oktýabr aralygynda geçirilýän Sportda dopinge garşy halkara konwensiýasynyň taraplarynyň 10-njy sessiýasyna (COP10) gatnaşýar.
Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi M. Çaryýew, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň halkara bölüminiň müdiri Ş. Serýäýew hem-de Milli dopinge garşy agentliginiň başlygy L. Artykowa girýär.
Sessiýanyň gün tertibine Konwensiýanyň ýerine ýetiriliş meseleleri, sportda dopingi ýok etmek boýunça Gaznanyň işi, dopingiň öňüni alyş ugryndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we bu babatda bilim maksatnamalaryny ösdürmek ýaly meseleler girizildi.
Konwensiýanyň 20 ýyllygyna bagyşlanan bu ýubileý sessiýa, oňa gatnaşyjy döwletleriň, halkara guramalaryň wekillerini hem-de bilermenlerini birleşdirip, sportda açyklygy we adalatlylygy üpjün etmek meselelerinde tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döretdi.
Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Konwensiýanyň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady we dopinge garşy göreşmek babatynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen ÝUNESKO-nyň başlangyçlaryny goldady.
Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler bedenterbiýäni, köpçülikleýin sporty ösdürmäge we adalatly oýun medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyna esaslanýar.