XIV Uniwersiadanyň esasy ýaryşlary geçirildi we ýeňijiler sylaglandy
16.05.2025 | 10:00 |Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilen XIV Uniwersiadanyň esasy ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ýeňiji bolanlaryň sylaglandyrylyş dabarasy sportuň ýaşlary jebisleşdirýän, öňdäki bäsleşiklere ruhlandyrýan beýik güýjüniň beýany boldy. Bu barada TBM-niň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Sport ýaryşlarynyň jemleri
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda:
1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary
2-nji orun - Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary
Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:
1-nji orun - S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary
2-nji orun - Aşgabat syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary
3-nji orun - Aşgabat mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:
1-nji orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýygyndy topary
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda:
1-nji orun - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýygyndy topary
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda:
1-nji orun - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda:
1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary
2-nji orun - Lebap welaýatynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary
ORIENT