Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň işjeň gatnaşmagynda häzirkizaman žurnalistikasy we onuň dürli ykdysady ugurlardaky ähmiýeti hem-de media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi bilelikde guradylar.

TOHU-da yzygiderli geçirilýän açyk sapagyň bu gezekki myhmany ORIENT habarlar saýtynyň wekili ýaş žurnalist Seýli Aryşow boldy. Ol çykyşynda häzirki sanly ulgamyň, emeli aň ýaly ösen tehnologiýalaryň döwründe galp habarlar (fake news, deepfake) bilen anyk habarlary seljermegiň ýollary, ýaýradylýan ykdysady habarlarda sanlary (statistiki maglumatlary) maglumatlary dogry beýan etmegiň usullary şeýle hem ulanylýan dürli ykdysady adalgalaryň düşündirilişi barada giňişleýin belläp geçdi.

Elbetde häzirki wagtda islendik ugurda hem KHBS-niň ähmiýeti has-da artýar. Esasan hem söwda-ykdysady ulgamda günsaýyn barha kämilleşýän internet žurnalistikasynyň orny örän uludyr.
Sosial torlardaky internet habarlar çeşmelerinden hem görnüşi ýaly, häzirki wagtda žurnalistikanyň bu görnüşiniň geriminiň giňelýändigini we uly geljeginiň bardygyny aňmak bolýar. Ýöne her zadyň hem iki tarapynyň bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde sosial ulgamlarda ýaýradylýan käbir galp habarlardan goranmak we olary saýgaryp bilmek hem döwrüň esasy zerurlyklarynyň biri bolup durýar.

Ady agzalan temalar açyk sapaga gatnaşyjylaryň ählisi üçin gyzykly hem täsirli bolup, oňa gatnaşan mugallymlaryň we talyplaryň özlerini gyzyklaryndyrýan sowallaryna jogap almaklary bilen jemlendi.
Ýeri gelende belläp geçsek, ORIENT-iň döredijilik topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap ýaşlaryň arasynda şeýle seminarlary we açyk sapaklary yzygiderli geçirip gelýär.

ORIENT
