Termez Dialogy: “Özarabaglanyşyk – bu diňe bir adalga däl, eýsem durmuş ähmiýetli maksat”
21.05.2025 | 13:30 |Dünýä derejesindäki bilermenler Termez dialogynda Merkezi we Günorta Aziýanyň özarabaglanyşygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşýarlar
Termez, Özbegistan, 21-nji maý | ORIENT. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özarabaglanyşyk boýunça şu günki Termez dialogy sebitdäki meselelere bilermen derejesinde çuňňur aralaşmak bilen tapawutlandy. Forum, Merkezi we Günorta Aziýanyň abraýly ylmy-barlag merkezleriniň wekillerini, şeýle hem Russiýanyň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň we başga-da köp ýurtlaryň öňdebaryjy analitiklerini we alymlaryny bir ýere jemledi.
Bilermenler dialogynyň moderatory hökmünde çykyş eden Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň direktorynyň birinji orunbasary Akramjon Neýmatow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar institutynyň uly ylmy işgäri Sanat Kuşkumbaýewiň, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli strategik başlangyçlar institutynyň bölüm müdiri Erlan Tolaganow we Täjigistan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň meselelerini öwreniş institutynyň direktory Haýdarzoda Rustam Jura ýaly görnükli analitiklariň gatnaşmagynda geçirilen gyzgalaňly çekişmä badalga berdi. Sebitleýin özarabaglanyşygyň meselelerine öz garaýşyny Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew beýan etdi.
Onuň Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky aragatnaşygyň amaly taraplary we strategik ähmiýeti baradaky çuňňur seljermesi dürli ýurtlaryň analitik merkezleriniň wekilleri tarapyndan gyzgyn seslenmä eýe boldy we çykyşy köp sanly soraglary döretdi.
B.Amansaryýew özarabaglanyşygyň diňe bir resmi adalga bolman, eýsem iki sany makrosebitiň geljegi üçin “çuňňur, durmuş ähmiýetli we aýratyn amaly maksatdygyny” nygtap, çykyşynyň ilkinji minutlaryndan çekişmäniň ýokary derejäni belledi. Ol gatnaşýanlary abstrakt pikirlerden dört möhüm ugurda anyk hereketlere geçmäge çagyrdy.
Ilkinji nobatda infrastruktura we ykdysady özarabaglanyşyk görkezildi. Çykyş edijiniň pikiriçe, bu ýerde esasy wezipe işjeň we netijeli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň – harytlaryň bökdençsiz hereketini üpjün edýän demir we awtomobil ýollarynyň döredilmegidir.
Çeşmeleriň özara üpjün edilmegini şertlendirýän energetika köprüleri we maglumat alyş-çalşygyny hem-de ykdysadyýetleri sanlaşdyrmagy ýeňilleşdirýän häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamlary möhümdir. “Bu fiziki we sanly baglanyşyk bolmazdan, ösüş baradaky islendik gepleşikler diňe niýet bolup galýar” – diýip Amansaryýew belledi.
Soňra çykyşda çagyryşlaryň we howplaryň biri-biri bilen baglanyşygy boýunça mesele gozgaldy. Şol bir yklymda ýaşaýan sebit ýurtlarynyň terrorçylyk we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly adaty howplar bolsun ýa-da howanyň üýtgemegi we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly täze çagyryşlar bolsun, umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy bellenildi.
Mümkinçilikler bilen ösüşiň özara baglanyşygyna aýratyn üns berildi. Gatnaşyklary pugtalandyrmak Amansaryýewiň pikiriçe, söwda, maýa goýumlary, syýahatçylygy ösdürmek we işewür gatnaşyklary giňeltmek arkaly ykdysady ösüş üçin uly mümkinçilikler açýar. Şeýlelik bilen, tutuş Ýewraziýa giňişliginiň durnukly ösüşi üçin synergiýa döretýär.
Dördünji möhüm ölçeg, ynsanperwer we medeni özarabaglanyşyk boldy. Bilermen bilim alyş-çalyşygy, bilim we ylym hyzmatdaşlygyny, medeni alyş-çalyşygy we adam gatnaşyklary, özara ynanyşmagy, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Bu bolsa öz gezeginde “parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň umumy giňişligini” gurmak üçin esas bolup durýar.
Özara baglanyşygyň amaly durmuşa geçirilmeginiň çäginde bilermen Türkmenistanyň halkara taslamalarynyň üstünde jikme-jik durup geçdi. B.Amansaryýew energetika hyzmatdaşlygyna degip geçip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň taslamalaryny belledi we türkmen tarapynyň, şol sanda Owganystanda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin edýän tagallalaryna ünsi çekdi. Durnukly bazarlary döretmekde we goňşy ýurduň ykdysady taýdan dikelmegini goldamakda bu taslamalaryň ähmiýeti bellendi.
Ulag pudagynda Owganystanyň üsti bilen ulag geçelgeleriniň taslamasyna we demir ýol arkalary gatnawlaryň ösdürilmegine, hususan-da, Kerki – Andhoý demir ýolunyň üstünlikli işlemegine aýratyn üns berildi we ony Hyrat şäherine çenli uzaltmak meýilleşdirýär. Şeýle hem Owagnystanyň “Turgundy” demir ýol bekediniň gury portunda ammarlar toplumynyň gurluşygy agzalyp geçildi. Bu gury port “Lapis-Lazuli” geçelgesiniň bir bölegi bolup, owgan ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam eder.
Bilermen öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň: “Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişde, ykdysady, ulag kuwwatynyň birleşdirilmeginiň hem-de dünýä ummanyna çykylmagynyň giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys” – diýen sözlerini getirdi Bu sözler, sebitara baglanyşyk nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň strategiki garaýşyny tassyklady.
Çykyşyny dowam etdirip, bilermen mümkinçilikleriň we ösüşiň özarabaglanyşygyna geçdi. Ol sebitleýin aragatnaşyklary berkitmegiň söwdany artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, syýahatçylygy ösdürmek we işewür gatnaşyklary giňeltmek arkaly möhüm ykdysady ösüş üçin gapylary açýandygyny belledi. “Özarabaglanyşyk bar bolan mümkinçilikleri has netijeli ulanmaga we durnukly ösüş üçin Ýewraziýa giňişliginiň tutuşlygyna täsir edýän täze synergiýany döretmäge mümkinçilik berýär” – diýip, Amansaryýew aýtdy.
Ynsanperwer we medeni özarabaglanyşyk möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Baý umumy taryhy we ýakyn medeni gatnaşyklary belläp, bilermen bilim alyş-çalyşygynyň, bilim we ylym hyzmatdaşlygyň, medeni alyş-çalyşlaryň we adam gatnaşyklarynyň ösmeginiň özarabaglanyşygyň möhüm ynsanperwer hereketlendirijisi we birek-birege ynanyşmagy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin esas bolup durýandygyny belledi.
Bekdurdy Amansaryýew Türkmenistanyň bu işdäki ornuny belläp, oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny yzygiderli alyp barýan ýurt üçin özarabaglanyşygyň ösdürilmeginiň hemişe esasy mesele bolup durýandygyny aýtdy.
Bilermen, özara baglanyşygyň strategiki ähmiýetine ünsi çekip, munuň “diňe bir infrastruktura taslamalarynyň toplumy bolman, eýsem tutuş Ýewraziýa giňişliginiň geljegini üýtgedip biljek strategiki ugurdygyny” hem-de her bir gatnaşýan ýurduň hyzmatdaşlykdan, durnuklylykdan we parahatçylykdandan peýda aljak sebitleýin ösüşiň täze modelini döretjekdigini belläp geçdi.
Merkezi we Günorta Aziýanyň özarabaglanyşygy ählumumy strategiki ähmiýete eýe. Ol Ýewraziýada täze özüne çekiş merkezini döredýär, üçünji ýurtlaryň üsti bilen adaty ýollara garaşlylygy azaldýar we sebitdäki durnuklylygy güýçlendirýär.
“Aziýanyň ýüregi – Stambul prosesi” we “Merkezi Aziýa + Günorta Aziýa” formaty ýaly sebitleýin başlangyçlar, häzirki wagtda Termez dialogy hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin netijeli meýdança bolup biler.
Mundan başga, spikeriň pikiriçe, şeýle özarabaglanyşyk, Hytaý, Hindistan, ÝB, Russiýa we Türkiýe ýaly uly daşarky oýunçylaryň bähbitlerine gabat gelýär, bu bolsa sebitleýin özygtyýarlyly hormatlamak şertlerinde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döredýär.
Bekdurdy Amansaryýewiň çykyşy, forumyň ikinji gününde sessiýalara gatnaşan Owganystan, Hindistan, Päkistan, ABŞ, Russiýa, Hytaý we beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen bilermenleriň arasynda gyzgalaňly çekişme döretdi.
Hususan-da, “sebitleýin özygtyýarlylyga hormat” adalgasyny girizmek we özara gatnaşyklar üçin geljegi uly meýilnamalary döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmakda we analitiki çemeleşmelerde ulanmak teklip edildi.
Termez dialogy Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin özarabaglanşygyny ösdürmek üçin bilelikdäki garaýşy döretmek islegini görkezdi. Ýokary Hökümet we bilermenler derejesinde açyk pikir alyşmak, özara hormat goýmak we ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerine üns bermek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny anyklmaga mümkinçilik berdi. Forum parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň umumy giňişligini döretmekde möhüm ädim boldy.
ORIENT, Termez dialogynda beýan edilen başlangyçlaryň ösüşine we ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi dowam etdirer.