Iň täze habarlar

Pekinde ikinji Merkezi Aziýa – Hytaý sammitiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy

24.05.2025 | 23:25 |
 Pekinde ikinji Merkezi Aziýa – Hytaý sammitiniň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy

24-nji maýda Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.

Gün tertibiň esasy meselesi şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak boldy.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary öňde boljak sammitiň deslapky gün tertibine tekliplerini berdiler hem-de bilelikdäki jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, nobatdaky sammitiň geçirilmegi sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen döwletara hyzmatdaşlygy üçin açyk hem-de konstruktiw mehanizm hökmünde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň barha artýan ornuny görkezýän möhüm waka bolar.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: