Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy we Saglygy goraýyş ministrligi ylalaşyga gol çekdiler

22.07.2025 | 22:40 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy we Saglygy goraýyş ministrligi ylalaşyga gol çekdiler

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy. Bu duşuşygyň dowamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekildi.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň amala aşyrýan ynsanperwer işleri nygtaldy. Onuň alyp barýan işleri, Türkmenistanyň ösüp gelýän ýaş nesliniň saglygyny hemmetaraplaýyn berkitmäge, şol sanda näsag çagalara çylşyrymly operasiýalary we sagaldyş-dikeldiş işlerini geçirilmegine gönükdirilendir. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrli bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasyndaky bu ylalaşyk ýurduň iň ýaş raýatlaryna ulgamlaýyn we netijeli kömek bermek üçin täze mümkinçilikler döredýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetine üns çekildi. Bu ýubileý senesi, Türkmenistanyň ählumumy saglygy goraýyş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýan möhüm waka bolar.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurduň dürli künjeklerinde, Aşgabat hem-de Arkadag şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän saglyk merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrli bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk tutuş ilatyň abadançylygyna gönükdirilen bu giň gerimli milli strategiýany durmuşa geçirmekde we mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm tapgyra öwrüler.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: