Iň täze habarlar

Britaniýaly rok aýdymçysy Ozzi Osborn aradan çykdy

23.07.2025 | 10:25 |
 Britaniýaly rok aýdymçysy Ozzi Osborn aradan çykdy

Britaniýaly meşhur rok aýdymçysy Ozzi Osborn 77 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada "Report" agentligi Black Sabbath toparynyň esaslandyryjylarynyň biriniň maşgalasynyň ýaýradan beýanatyna salgylanyp habar berýär.

"Beýan edip bolmajak gynanç bilen, biziň mähriban Ozzi Osbornymyzyň şu gün irden aradan çykandygyny habar berýäris" - diýlip, beýanatda bellenilýär. Osborn Birmingem şäherinde hoşlaşyk konsertini geçireninden bary-ýogy 16 gün soň aradan çykdy.

Şol konsertde onuň bilen sahnada 20 ýyl arakesmeden soň ilkinji gezek Black Sabbath toparynyň nusgawy düzümindäki agzalary: gitaraçy Toni Aýommi, bas gitaraçy Gizer Batler we dep saz gurallarynyň ýerine ýetirijisi Bill Uord çykyş etdiler.

2023-nji ýylda Osborn 2019-njy ýylda arka süňküniň şikes almagy bilen baglanyşykly saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, konsertlerini bes edýändigini mälim etdi.

2020-nji ýylda bolsa ol ilkinji gezek Parkinson keseli bilen alyp barýan göreşi barada köpçülige gürrüň berdi. Öz onýyllyklary içine alýan sahna durmuşynda Osborn 2,5 müňden gowrak konsert geçirdi.

ORIENT

Foto: vedomosti.ru

Şeýle hem okaň: