Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Söwda işleri boýunça Döwlet ministri Ahmed bin Mohammed Al-Sayed bilen duşuşdy
23.07.2025 | 19:05 |2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Söwda we Senagat ministrliginiň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri Ahmed bin Mohammed Al-Sayed bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda Ilçi, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň Şanly Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara çäreler barada belläp geçdi.
Duşuşykda türkmen tarapy ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeler, telekeçiligi ösdürmek, ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada beýan etdi.
Şeýle hem geljekde türkmen-katar söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýan birnäçe meseleler boýunça maslahatlaşdylar.
ORIENT