Sharp wirtual hakykatda duýmak duýgusyny berýän VR-ellikleri hödürledi
23.07.2025 | 16:35 |Sharp ýapon kompaniýasy, ulanyjylara wirtual obýektleri duýmak duýgysyny berýän taktil VR-ellikleriniň üstünde işleýändigini habar berdi. Bu enjamyň toplumynyň takmynan bahasy 100 müň ýen bolar diýip çaklanylýar.
Bu ellikleriň esasy aýratynlygy – her barmaga gurlan kiçijik wibrasiýa motorjyklarydyr. Şol motorlaryň kömegi bilen enjam diňe bir duýmak duýgysyny gaýtalamaýar, eýsem wirtual predmetleriň teksturasy baradaky duýgyny hem bermäge synanyşýar.
Wirtual hakykatda ulanmak üçin has amatly bolmagy maksady bilen, elligiň baş barmagynyň aşagynda düwmeler we joýstik ýerleşdirilen. Olar arkaly oýunlary dolandyrmak we programmalaryň menýularyna geçmek bolýar. Öndüriji kompaniýanyň bellemegine görä, bu ellikler ýeňil geýilýär we çykarylýar – bu hem ulanyjylara klawiatura we syçanjyk bilen VR oýna tiz geçmegi aňsatlaşdyrýar.
Ýöne Sharp kompaniýasy bu enjamy bazara çykarmak barada entek gutarnykly karar kabul edenok. Mümkin, bu taslama soňrak ýatyrylyp hem bilner.
ORIENT