Parlamentariler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary goldamak boýunça kanunçykaryjylyk işleri barada maslahatlaşdylar
04.08.2025 | 13:00 |Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Üçünji maslahatynyň (LLDC-3) öňüsyrasynda Parlament forumy geçirildi. Çärä parlamentariler, BMG-niň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, ylmy jemgyýetçiligiň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň açylşy Türkmenistanyň parlamentiniň, BMG-niň LLDC işleri boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň, Parlamentara birleşiginiň wekilleriniň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirildi.
Gatnaşyjylar Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ýerine gelen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmekde parlamentarileriň ornuny berkitmäge ünsi jemlediler. Hereketleriň Wena maksatnamasynyň durmuşa geçirilen döwründe ýüze çykan meseleler we netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy, bergidarlyk agramy, serişdeleriň ýetmezçiligi we howanyň üýtgemegi ýaly derwaýys meseleleri çözmek üçin kanunçykaryjylyk, gözegçilik, býujetleşdirmek we wekilçilik etmek babatda parlament wezipelerini güýçlendirmegiň zerurlygy barada maslahatlaşyldy.
Bölümçeleriň birinde LLDC-ni goldaýan köptaraply söwda ulgamynyň döredilmeginde parlament gatnaşygynyň wajyplygy barada maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar sanly söwda we ykdysady durnuksyzlyk ýagdaýynda LLDC ýurtlarynyň global önümçilik-satyn alyjylyk zynjyrlaryna gatnaşmagynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýän kanunlary işläp taýýarlanylmagynyň zerurlygyny hem bellediler.
Başga bir bölümçe durnukly ösüşi üpjün etmekde parahataçylygyň, ynanyşmagyň we hasabat dolandyryşyň ornuna bagyşlandy. Maslahatlaşmalaryň dowamynda parlamentleriň inklýuziwligine, şol sanda aýallaryň, ýaşlaryň we gowşak toparlaryň wekilçiligine, şeýle hem LLDC bilen goňşy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerine üns berildi.
Forum Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny milli parlamentleriň esasy işine integrasiýasy boýunça anyk ädimlerine çagyryş bilen tamamlandy. Jemleýji jarnama LLDC-3 jemleýji umumy mejlisinde hödürlenip, maslahatyň jemleýji nutugyna giriziler.
ORIENT