Iň täze habarlar

Özbegistanyň Prezidentiniň 4-5-nji awgust aralygynda Türkmenistana boljak iş saparynyň maksatnamasy beýan edildi

03.08.2025 | 21:05 |
 Özbegistanyň Prezidentiniň 4-5-nji awgust aralygynda Türkmenistana boljak iş saparynyň maksatnamasy beýan edildi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin 4-5-nji awgust aralygynda Türkmenistana iş saparyny amala aşyrar.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu çärä BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, daşary ýurtlarynyň döwlet we Hökümet Baştutanlary, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.

Maslahatyň gün tertibine ulag aragatnaşygyny berkitmek we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ykdysady özgerişler, howanyň üýtgemegine we daşky gurşawyň çagyryşlaryna durnuklylygy ýokarlandyrmak we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde öňegidişlik gazanmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki meseleler goşuldy. Awaza syýasy Jarnamasy we Hereketleriň meýilnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Özbegistanyň lideri Türkmenistana amala aşyrýan iş sapary wagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk meselelerine bagyşlanan çärä gatnaşar we birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirer diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň web sahypasynda aýdylýar.

ORIENT

Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: