Türkmenistan Türkiýäniň iň iri innowasiýa forumyna çagyrylýar
15.08.2025 | 14:30 |Stambul 9–11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Türkiýäniň 12-nji Innowasiýa Hepdeligine taýýarlyk görýär. Çäre dürli ýurtlardan oýlap tapyjylary, telekeçileri we bilermenleri bir ýere jemlär.
Çagyrylan gatnaşyjylaryň arasynda türkmenistanly wekiller hem bar. Olara öz işläp taýýarlan taslamalaryny hödürlemek, tejribe alyşmak we halkara derejede işewür aragatnaşyklary gurmak mümkinçiligi berler diýip, Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasyndaky Söwda Geňeşi habar berýär.
Forumyň çäklerinde startaplaryň tanyşdyrylyşlary, maýadarlar bilen duşuşyklar, tehnologiýalaryň geljegi boýunça pikir alyşmalar hem-de ertiriň keşbini döredýän iň täze çözgütleriň görkezilişleri geçiriler.
Çäre Türkiýäniň Söwda ministrliginiň we Eksportçylar Assambleýasynyň goldawy bilen guralyp, dürli ýurtlardan pikir liderlerini, maýadarlary we işläp düzüjileri bir ýere jemlär.