Türkmenistan Aziýa infrastruktura maýa goýum bankyna goşulmak üçin çakylyk aldy
15.08.2025 | 12:28 |Aziýa Infrastruktura Maýa Goýum Banky (AIMGB) Türkmenistana guramanyň doly hukukly agzasy bolmagy resmi ýagdaýda teklip etdi. Karar Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde yglan edildi diýip, Trend habar berýär.
AIMGB-niň agzalygy Türkmenistana dünýäniň iň iri infrastruktura maliýeleşdiriş çeşmeleriniň birine elýeterliligi açar. Bankyň 2016-njy ýyldan bäri amala aşyran amallarynyň möçberi 35 ýurtda 60 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Merkezi Aziýada bolsa bank ulag, energetika we logistika ugurlaryna işjeň maýa goýýar, 2024-nji ýylda bu maýa goýumlaryň möçberi takmynan 2,8 milliard dollara ýetdi.
Guramanyň düzümine goşulmak Türkmenistana uzak möhletli maýa goýumlary çekmäge, maliýeleşdirişde ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge gatnaşmaga hem-de Bütindünýä banky we Aziýa Ösüş banky bilen bilelikdäki taslamalaryň gurallaryny ulanmaga mümkinçilik berer.
Bu bolsa ýokary tizlikli demirýollaryň gurluşygyndan we awtoulag ýollarynyň döwrebaplaşdyrylmagyndan başlap, gün we ýel energetikasyny ösdürmäge çenli iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin şert döreder.
Ykdysatçylar AIMGB-niň taslamalaryna gatnaşmagyň ýurda ýylda 1,5 milliard dollara çenli maýa goýum getirmeginiň mümkindigini, munuň bolsa 2030-njy ýyla çenli nebite dahylsyz önümleriň eksportyny 15–20% artdyrmaga we Türkmenistany sebitiň möhüm ulag-energetika merkezleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berjekdigini çaklaýarlar.
ORIENT