Bitkoin $123 500-den geçip, taryhy rekordyny täzeledi
16.08.2025 | 17:30 |14-nji awgust gijesi bitkoin täze taryhy rekordyny goýup, $123 500 derejesine çykdy. Şeýlelikde, baş kriptowalýutasy 14-nji iýulda — hut bir aý ozal goýlan öňki rekordyny täzeledi. Häzirki wagtda bitkoiniň bazar maýalaşdyrylyşy $2,5 trln, efiriumyňky bolsa - $575 mlrd deň. Olar bilelikde umumy kriptowalýuta bazarynyň takmynan 70%-ini eýeleýärler.
Bilermenleriň pikiriçe, ösüş birnäçe esasy faktora baglydyr. DYOR barlag platformasynyň baş direktory Ben Kurland, bazaryň oňyn ösüşini «maýa dolandyryjylarynyň isleginiň kämilleşmegi» bilen düşündirýär we bu ýagdaýyň ownuk maýa goýujylaryň duýgylaryna däl-de, has durnukly islege baglydygyny belleýär.
Ergonia kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Kris Nýuhaus bolsa, ösüşe aşakdaky ýagdaýlaryň hem ýardam edýändigini aýdýar:
• inflýasiýanyň peselmegi;
• göterim haklarynyň peselmegine garaşylmagy;
• iri institusional maýadarlaryň ETF arkaly taryhda görlüp-eşidilmedik derejede gatnaşmagy.
Umuman, bilermenleriň belleýşi ýaly, kriptowalýutalaryň paýnamalar bilen oňyn arabaglanyşy hem olaryň ösüşinde möhüm orun eýeleýär.
ORIENT