Eýranyň Türkmenistana nebit däl eksporty artdy
16.08.2025 | 13:30 |Eýranyň Türkmenistana nebit däl eksporty şu ýylyň dört aýynda (2025-nji ýylyň 21-nji marty – 22-nji iýuly aralygynda) geçen ýylyň degişli döwri bilen (2024-nji ýylyň 20-nji marty – 21-nji iýuly aralygy) deňeşdirilende bahasy boýunça 29,4% we agramy boýunça 17,1% ýokarlandy.
Trend agentliginiň habar bermegine görä, hasabat döwründe Eýran Türkmenistana takmynan 194 million ABŞ dollary möçberinde 519 müň tonna golaý nebit däl önümleri eksport etdi. Geçen ýylyň dört aýynda bolsa takmynan 150 million ABŞ dollary möçberinde 443 müň tonna golaý önüm eksport edildi.
Eksport portfeline oba hojalyk we azyk önümleri, senagat harytlary, elektrik transformatorlary, suw arassalaýjy ulgamlary, nebit-himiýa önümleri hem-de beýleki dürli önümler girýär.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky nebit däl haryt dolanyşygy dört aýyň dowamynda 196 million ABŞ dollaryna we 521 müň tonna ýetdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bahasy boýunça 26% we agramy boýunça 16,4% artandygyny görkezýär.
ORIENT