Arkadag şäheri sebitiň durnukly şähergurluşygynyň nusgasy hökmünde
20.08.2025 | 01:10 |TIF-2025 Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde, 18–19 sentýabrda Aşgabadyň şäherinde geçiriljek çärede, ara alnyp maslahatlaşyljak esasy ugurlaryň biri durnukly şähergurluşyk bolar. Bu ýerde Arkadag şäheri Merkezi Aziýada ekologiýa taýdan ugrukdyrylan şäherçilik taslamasynyň öňdebaryjy nusgasy hökmünde görkeziler.
Arkadag — Türkmenistanda ilkinji we Merkezi Aziýa sebitinde noldan gurlan “akylly” şäherleriň biri bolup, döwrebap durnukly ösüş ýörelgeleriniň esasynda bina edildi. Şäher energiýa tygşytlaýjy çözgütleriň, şäher infrastrukturasyny dolandyrmak üçin sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy hem-de daşky gurşawa iň az täsir ýetirmek ýörelgesine esaslanyp taslanyldy. Şäherde yşyklandyrmagy, kommunal hyzmatlary, transporty we howpsuzlygy awtomatlaşdyrylan dolandyrmak ulgamlary ornaşdyryldy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, şol sanda gün energiýasy giňden ulanylýar. Şeýle hem elektroawtobuslardan başlap zarýad bekedine çenli pes uglekislorodly hereket üçin şertler döredildi.
Arkadag şäheri Habitat III maslahatynda tassyklanan “Täze şäherçilik gün tertibiniň” durmuşa geçirilmeginiň nusgasy boldy.
Arkadag diňe bir tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň nyşany bolman, eýsem “ýaşyl” infrastrukturasyndaky maýa goýumlaryň we şähergurluşykdaky innowasion çemeleşmeleriň sosial, ykdysady we ekologiýa durnuklylygynyň ösüşine nähili ýardam edip bilýändigini görkezýär. Forumyň tematik sessiýalarynyň birinde halkara bilermenleriň, gurluşyk kompaniýalarynyň hem-de maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag tejribesi sebitleýin derejede giňeldilip bilinjek nusga hökmünde ara alnyp maslahatlaşylar.
TIF-2025 forumy gatnaşyjylara iri infrastruktura taslamalarynda durnukly çözgütleriň üstünlikli integrasiýasynyň mysallary bilen tanyşmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik hödürlär.
Has giňişleýin maglumat we hasaba durmak üçin:
🌐 www.tif-turkmenistan.com
📞 +993 (71) 87-18-14
📧 contact@turkmencongress.com