Apple ABŞ-nyň ykdysadyýetine 100 milliard dollar maýa goýýar
20.08.2025 | 15:00 |Apple kompaniýasy Amerikanyň ykdysadyýetine uly maýa goýumlaryny goýjakdygyny habar berýär. Goşmaça 100 milliard dollar umumy maýa goýumynyň 4 ýylyň dowamynda 600 milliard dollara ýetmegine mümkinçilik berer. Bu ädim kompaniýanyň ABŞ-daky barlygyny giňeltmek isleýändigini açyp görkezýär.
Bu başlangyjyň esasy elementleriniň biri American Manufacturing Program (AMP) atly täze maksatnamadyr. Onuň esasy maksady – Birleşen Ştatlaryň çäginde komponent önümçiligini ösdürmegi höweslendirmek we Apple önümçilikleri üçin amerikan üpjünçilik zynjyryny güýçlendirmekdir.
Maksatnamanyň çäklerinde Apple, dünýäde iň uly iPhone we Apple Watch üçin aýna önümçiligini gurjak Corning ýaly öňdebaryjy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýene bir hyzmatdaşy bolan Coherent kompaniýasy bolsa, Tehasda Face ID funksiyasy üçin lazerleri öndürer. Şeýle hem, Apple, kremniý çiplerini öndürmek üçin doly amerikan üpjünçilik zynjyrynyň üstünde iş alyp barýar hem-de 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlarynyň ýylda 19 milliarddan gowrak çip öndürmegini göz öňünde tutýar.
Önümçiligi ösdürmekden başga-da, Apple ABŞ-da esasan barlaglar, programma üpjünçiligi we emeli aň ugurlarynda 20,000 adamy işe almagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, kompaniýa, diňe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen maglumat merkezlerini giňeltýär we kiçi telekeçiligi goldamak maksady bilen Detroýtda Apple Manufacturing Academy-ýany açdy.
ORIENT