Aşgabat, Baku we Daşkent energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär
22.08.2025 | 23:48 |Türkmenbaşy şäherinde geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň liderleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Ulag we logistika meseleri bilen bir hatarda, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk olaryň çykyşlarynda aýratyn orun eýeledi. Gatnaşanlar ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň diňe bir sebitleýin däl, eýsem tutuş Ýewraziýa boýunça uly ähmiýete eýedigini bellediler.
“Biz gaz pudagynda üç ýurduň arasynda strategik özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdik we bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygymyzy beýan etdik” – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew geljege bolan öz garaýşyny beýan etdi: Üç ýurduň arasynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýdy. Gürrüň bu ýerde glewodorod ýataklaryny özleşdirmek we öndürilen elektrik energiýasyny eksport etmek üçin geljegi uly taslamalar barada barýar.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew degişli döwlet edaralarynyň elektroenergetika we nebitgaz pudagy ýaly esasy ugurlarda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatyny döretmek barada eýýäm görkezmeler alandygyny tassyklady.
Şeýlelik bilen, duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönükdirilen anyk işe badalga berildi. Liderler öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdiler, bu bolsa sebitleýin hyzmatdaşlygyň parahatçylyga we gülläp ösüşe gönükdirilen täze görnüşini döreder.
ORIENT