Iň täze habarlar

Russiýanyň ilkinji wodorod otlusynyň dizaýni görkezildi

01.09.2025 | 16:30 |
 Russiýanyň ilkinji wodorod otlusynyň dizaýni görkezildi

“Transmaşholding” kompaniýasy Russiýanyň ilkinji wodorod otlusynyň dizaýnini görkezdi. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmagyna görä, esasy maksat ulag serişdesiniň ekologiýa taýdan arassalylygyny açyp görkezjek innowasion we ösen dizaýnini döretmek boldy. Otlynyň esasy aýratynlygy onuň energetiki gurnalşy diňe suw bugyny çykarýanlygyndadyr.

Otlynyň daş keşbi gök, çal we gara reňkdäki diagonal we göni çyzyklaryň ulanymagy bilen “Brend DNK” konsepsiýasynda ýerine ýetirildi. Otlynyň öň tarapy gyzyl elementler bilen bezelendir.

Taslama otlynyň wodorod esasynda 435 km, batareýada bolsa – 40 km geçip bilmegini göz öňünde tutýar. Düzümine görä iň ýokary sygymlylygy 551-den 875-e çenli ýolagçydyr. 2026-njy ýylda şäher töweregindäki daşamalar üçin, şol sanda Sahalinde hem iki otlyny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu taslamany “Transmaşholding” Russiýanyň Demir ýollary bilen bilelikde amala aşyrýar.

ORIENT

Foto: “Transmaşholding”

Şeýle hem okaň: