Iň täze habarlar

Pakistanyň myhmansöýerlik gurşawynda: Aşgabatda tagam, saz agşamy we medeniýetleriň gepleşigi

03.09.2025 | 07:05 |
 Pakistanyň myhmansöýerlik gurşawynda: Aşgabatda tagam, saz agşamy we medeniýetleriň gepleşigi

2-nji sentýabrda Pakistanyň Aşgabatdaky diplomatik missiýasy paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanda akkreditlenen halkara diplomatik korpusyň wekillerini, žurnalistleri, medeniýet hem-de ylym işgärlerini kabul etdi. Myhmanhananyň zaly Pakistan Yslam Respublikasynyň saz we tagam däplerine bagyşlanan baýramçylyk meýdançasyna öwrüldi. Bu çäre bir aý mundan ozal täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi hanym Farýal Legariniň ýolbaşçylygynda geçirilen ilkinji möhüm çäreleriň biri bolup, Türkmenistanyň we Pakistanyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bolan uly islegini hem görkezdi.

1.jpg

Agşam başlaly bäri bu çäre diňe bir diplomatik kabul edişlik däl-de, Pakistanyň baý medeni dünýäsine hakykatdan hem aralaşma boldy. Myhmanhananyň girelgesinde halk senetleriniň we amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Ol ýerde agaç oýma, daş bilen bezeme, nagyşly dokmaçylyk, el işi nagyşlary, keşdeçilik we el işleriniň beýleki egsilmez eserleri görkezildi.

2.jpg

Üýtgeşik gaplar, reňkli şallar, ýakymly halyçalar, ýokaryk gyýalyp duran burunly jadyly aýakgaplar – hemmesi gündogar ertekileriniň janlanan şekillerini ýatladýardy. Sebäbi her bir zat halkyň taryhyny, söýgüsini we göreşini beýan edýär.

Ýanynda bolsa Pakistanyň häzirki zaman gazyp alyş we logistika kompaniýalarynyň stendleri goýuldy. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýolunda öz beýanyny tapan baý taryhy mirasynyň häzirki ykdysady gatnaşyklarynda täze many tapyp, ýurtlary umumy geçmiş we geljek bilen baglanyşdyrýandygyny görkezdi.

4.jpg

Sergi bilen tanyşanlaryndan soň, myhmanlar esasy zala geçip, ol ýerde hanym Farýal Legari çykyş etdi. Ol ýygnananlary mähirli gutlap, Türkmenistanyň we Pakistanyň on ýyllyklaryň dowamynda saklap gelýän ajaýyp dostlukly gatnaşyklary barada belledi. Ilçi Türkmenistany Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen gutlap, ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk konsepsiýasynyň ilkinji gezek 1995-nji ýylda Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde öňe sürlendigini buýsanç bilen belledi.

Ilçi, şeýle hem, Pakistanda beýik şahyr Allama Muhammet Ikbalyň, Türkmenistanda bolsa Magtymguly Pyragynyň halklaryň aňynda nesilden-nesle geçýän beýik filosof hökmünde hormatlanýandygyny mysal hökmünde görkezdi.

3.jpg

Farýal Legari binagärlik, çeperçilik, aýdym-saz däpleriniň halklarymyzyň ýakyn medeni gatnaşyklaryny açyp görkezýändigini aýdyp, munuň syýasy we ykdysady gatnaşyklary bilen deň derejede möhümdigini belledi. Ilçi geljekde bilelikdäki döredijilik sergileriniň, konsertleriň, moda we dokma pudaklary boýunça alyş-çalyşlaryň, aşhana, şygyryýet we kino festiwallarynyň, ikitaraplaýyn umumy sapaklarynyň geçirilmegi arkaly medeni aragatnaşyklary pugtalandyrmagy teklip etdi. Şeýle hem, ol bu agşamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde täze tapgyryň başlangyjy bolup, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigind ynam bildirdi.

5.jpg

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem öz çykyşynda Ilçiniň pikirini goldap, ozaldan alnyp barylýan hyzmatdaşlyk taslamalary barada ýatlatdy. Şolaryň arasynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň öwrenilmegi we dünýäde wagyz edilmegi, edebi miras bilen baglanyşykly işleriň bardygyny belledi. Ministr bu çäräniň türkmen-pakistan halklarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitjekdigine ynam bildirdi.

7.jpg

Milli tagamar bilen tanyşmak aýdym-saz çykyşlary bilen utgaşdyryldy. Myhmanlara pakistan aýdymlary we täsin kirişli öwüşginlerinden ybarat saz eserleri hödürlendi. Ýürekden we ussatlyk bilen Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen bu sazlar myhmanlary pakistan medeniýetiniň çuňlugyny, onuň ruhy dünýäsini we ýaşaýşa söýgini açyp görkezdi.

9.jpg

Agşamky çärede Pakistanyň baý tagamly naharlary aýratyn orun eýeledi. Myhmanlara dürli görnüşli tagamlar hödürlenip, olaryň her biri taryhyň bir bölegi hökmünde tanyşdyryldy. Nahar menýusynda badamjanly işdäaçarlar (nohutly we ajy gök önümlerden taýýarlanan tagam), dürli içlikli samosa (kiçi somsa), marinadlanan towukly malaý boti, hoşboý ysly birýani (tüwi, et, gök önümler, huruşly) sih kebap we körme (gowurma) bardy. Käbir naharlaryň atlarynyň (samosa, korma) hem türkmen tagamlary bilen meňzeşligini görüp boldy.

10 (1).jpg

Her bir tagam diňe bir nahar däl, eýsem Pakistanyň myhmansöýerlik medeniýetiniň bir bölegi hökmünde myhmanlara hödürlendi.

10 (2).jpg

Şeýlelikde, Pakistanyň Ilçihanasy tarapyndan guralan agşam dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde medeniýet bilen tagamyň güýçli serişde bolup hyzmat edýändigini ýene bir gezek tassyklady. Bu çäre Türkmenistana Pakistanyň köptaraply dünýäsini açyp görkezdi we täze hyzmatdaşlyk ýollaryny açdy.

11 (1).jpg

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: