Iň täze habarlar

Awazadaky maýa goýum forumy – Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejäni üpjün etmegi tabşyrdy

13.09.2025 | 00:28 |
 Awazadaky maýa goýum forumy – Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejäni üpjün etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we Daşary işler ministrligine 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2025) guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanynyň şeýle görkezmesi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini we maýa goýum syýasatyny höweslendirmek, ykdysady mümkinçiligi we maýa goýum netijeliligini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiligi ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen çäräniň derjesini nygtaýar.

Hazaryň kenaryndaky forum 45 ýurtdan 500-den gowrak wekili birleşdirer. Gatnaşyjylara 100-den gowrak halkara bilermenleriň çykyşlary bilen baý many-mazmunly iki günlük maksatnama garaşýar. Onuň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky esasy ugurlary we maýa goýum mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.

TIF 2025 işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak we özara peýdaly ylalaşyklary baglaşmak üçin täsirli meýdança bolar. Bu waka, maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri açmak we Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny berkitmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: