Iň täze habarlar

Türkmenistan Ysraýylyň Katar Döwletiniň paýtagtyna uran zarbalaryny ýazgardy

11.09.2025 | 21:00 |
 Türkmenistan Ysraýylyň Katar Döwletiniň paýtagtyna uran zarbalaryny ýazgardy

Türkmenistan Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar – şeýle beýanat bilen çarşenbe güni Türkmenistanyň DIM-i çykyş etdi.

“Türkmenistan üçin islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýjüň ulanjakdygy barada haýbat atmak düýbünden kabul ederliksiz hasaplanýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine hem-de ýörelgelerine garşy gelýär” – diýip, daşary syýasat edaranyň web sahypasynda ýerleşdirilen beýanatda bellenilýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: