16-njy fewralda, duşenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanuly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy.
“Watan” habarlar gepleşiginde habar berilişi ýaly, ertir ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtyň Halkara howa menziline geldi we şol ýerden ABŞ-a ugrady.
Resmi habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açmaga gönükdirilendir. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimini, şol sanda iri amerikan kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagynda senagat we oba hojalygy ulgamlaryndaky özara hereketleri öz içine alýar.
Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş depgini maýa goýum hyzmatdaşlygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklaýar. Resmi çeşme Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň saparynyň şu ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüljekdigini we döwletara konstruktiw dialogy has-da ösdürmek üçin şert döretjekdigini nygtaýar.
Resmi habarda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak saparyň maksatnamasy barada giňişleýin we meýilleşdirilen duşuşyklar barada maglumat berilmeýär.
