2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge «1TV» birinji tele-ýaýlymyň, «Объектив» teleýaýlymynyň, «The Georgian Business Week» işewürlik neşiriniň, «Europe 24» media-holdinginiň, «Georgia Press» guramasynyň, «News Day Georgia» habarlar agentliginiň, «Geoecohub» onlaýn neşiriniň, «Resonans», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда», «Vecherni Tbilisi», «Vrastan» gazetleriniň žurnalistleri we Gruziýanyň «Geocase» seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda, 2026-njy ýylyň şygary ösüşiň milli ugurlaryny, halkyň jebisligini we ahalteke bedewleri Türkmenistanyň ösüşe hem-de ýokary sepgitlere bolan ymtylmasynyň nyşany hökmündäki ornuny şöhlelendirýändigini belledi.
Brifingiň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bilen tanyşdyryldy. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň kemala gelmeginiň tapgyrlaryna we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen ýurduň hukuk derejesiniň ähmiýetine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.

Ilçi türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy barada hem aýdyp geçdi. Ol ýokary derejeli saparlaryň işjeň ösüşi yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklara goşmaça itergi berýändigini belledi.
«The Georgian Business Week» neşiriniň baş redaktory W.Miroşniçenko Türkmenistana bagyşlanan žurnalyň nobatdaky sany bilen tanyşdyrdy. Ol bu žurnalyň okyjylar köpçüligine Türkmenistan bilen, şeýle hem iki halkyň dostlugyny we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän we çalt depgin bilen ösüp barýan türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy.

Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor B.Naçkebiýa Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän dünýäde parahatçylygy berkitmäge, halklaryň arasynda dostlukly we doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady. Ol Bitaraplyk ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem wajyp meseleleri özara ynanyşmagyň, dialog arkaly hem-de jogapkärçilik esasynda ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm guraldygyny belledi.

