16-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanyna «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly abraýly sylag gowşuryldy.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bu ädimi Türkmenistanyň «lukmançylyk diplomatiýasyny» ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek ugrundaky tagallalarynyň resmi taýdan ykrarnamasydyr. Hans Klýuge şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedowy 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi hem-de bu ýylyň Arkalaşygyň giňişliginde “Saglygy goramagyň ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gowşurylan sylag häzirki zaman dünýäde lukmançylygyň diňe bir keselleri bejermek däl, eýsem halkara raýdaşlygynyň guralydygyny hem nygtaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu sylagy ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere berilýän ýokary bahanyň ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.
Hans Klýuge Aşgabada saparynyň dowamynda «Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog» atly ýokary derejeli dialoga gatnaşdy. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, bu forum tejribe alyşmak we sebitde saglygy goraýyş ulgamyny ählumumy çagyryşlara has durnukly etmäge ýardam berjek täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin meýdança öwrüler.
Türkmenistan diňe bir dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga däl, eýsem öňüni alyş lukmançylygy we sagdyn iýmitlenmek babatda özüniň oňyn tejribesini paýlaşmaga hem taýýardygyny tassyklady.
ORIENT
