Oraza - yslam dünýäsi üçin uly ähmiýete eýe bolan musulman senenamasynyň dokuzynjy aýy gelýär. Rowaýatlara görä, bu mübärek aýyň günlerinde Muhammet pygambere ilkinji Gurhan aýatlary bagyşlandy.
Türkmenistanda Oraza (Remezan) aýynyň başlanmagy ýurduň baş müftisi tarapyndan kesgitlenilýär we onuň gelmegi barada çagalar toparlary agyz beklemegiň öň ýanynda öýlere aýlanyp, ýakymly dileg aýdymlaryny aýdyp, şirin tagamlar almak ýoly bilen ýatladylýar.
Bu aýda her gün agyz beklenmelidir. Gün dogandan gün ýaşança, dine uýýan adamlar iýip-içmekden, çilim çekmekden, dynç alyşdan we takwalyga päsgel berjek beýleki zatlardan saklanýarlar. Remezanyň taryhy ikinji hijri ýylyndan (miladynyň 622-nji ýyly) başlanýar diýip hasaplanýar. Bu mübärek aýda gylygyňyzy saklamaly, asylly hereket etmeli we haýyr-sahawat işlerini etmeli.
Oraza aýynda agyz beklemegiň manysy ruhy taýdan ösmek we adamyň durmuş ýörelgesine, onuň gymmatlyklaryna täzeden seretmegidir. Yslamyň bäş sütüniniň biri bolan agyz beklemek, ähli musulmanlara hökmanydyr, ýöne ony berjaý edip bilmeýänler, meselem, ýaşuly ýa-da hassalar, şeýle hem çagalar, hamyla we emdirýän aýallar ondan boşadylyp bilner. Eger musulman haýsydyr bir sebäbe görä agyz beklemäge ýagdaýy bolmasa, onda ol garyplary doýurmaly ýa-da mätäçlere kömek etmeli. Haýyrly işleriň biri-de, gün ýaşandan soň agyz beklenýänleri doýurmak üçin agyz açar guramakdyr. Musulmanlar şeýle hem sadaka - pitre bermeli.
Oraza aýynyň 27-nji gününden öňki gije aýratyn ähmiýete eýedir. Onuň ady Gadyr gijesi diýlip atlandyrylýar. Sebäbi hut şu gijede Muhammet Pygambere Mukaddes Gurhanyň ilkinji süreleri bagş edildi. Gurhanyň terjimeçileriniň pikirine görä, "Al-Kadr" süresi hut şu gijä bagyşlanandyr. Onda şeýle diýilýär: "Gadyr gijesi müň aýdan has haýyrlydyr. Ol gijede Rebbiniň ygtyýary bilen perişdeler we Ruh (Jebraýyl) ýere inýärler. Ol gije gün çykýança haýyrlydyr".
Gadyr gijesinde Allanyň her bir adamyň ykbalyny, onuň takwalygyny we dogalarynda aýdan dileglerini hasaba alyp, kesgitleýändigine ynanýarlar. Şoňa görä-de, Gadyr gijesinde Gurhany okamak, Alladan we perişdelerden dileg-doga etmek kabul edilip, köp musulmanlar bu gijäni metjitlerde geçirýärler.
Türkmenistanda bu gijä Gadyr gijesi diýilýär we ony garyndaşlar we goňşular bilen birlikde belleýärler, bu mynasybetli taýýarlanan tagamlary paýlaşýarlar. Döwlet derejesinde, mukaddes Gadyr gijesiniň hormatyna günälerini geçirmek boýunça uly işler geçirilýär.
Mukaddes aý we agyz beklemek ähmiýeti boýunça ikinji musulman baýramy - Oraza Baýramy bilen tamamlanýar.
Bu ýyl Oraza 18-nji fewraldan 19-njy marty aralygynda dowam eder. Oraza Baýramy 20-nji martda garaşylýar.
