
Awtoyoly Group kompaniýasy Taslama dolandyryjysy (Project Manager) wezipesine dalaşgärleri gözleýär. Kompaniýa häzirki zaman sanly çözgütleri ösdürýär we işewürligi giňeltmäge gönükdirilen içerki taslamalary amala aşyrýar.
Hünärmeniň borçlaryna taslamalary doly dolandyrmak — meýilleşdiriş we işe girizmek tapgyryndan başlap, ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek çenli ähli tapgyrlar girýär. Taslama dolandyryjysy topary döretmeli we utgaşdyrmaly, işgärlere tabşyryklary bermeli hem-de möhletleriň berjaý edilmegine gözegçilik etmeli, potratçylar we degişli hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk etmeli, şeýle-de taslama resminamalaryny taýýarlamaly. Esasy wezipeleriň hatarynda ýerine ýetirilen işleriň hiline gözegçilik etmek we meýilleşdirilen netijeleri gazanmak.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: Project Manager wezipesinde iş tejribesiniň bolmagy artykmaçlyk hasaplanýar, bildiriş tagtalary we iş platformalary bilen iş tejribesiniň bolmagy islenilýär. Topary we iş proseslerini dolandyrmak ukyby, ulgamlaýyn pikirlenme, jogapkärçilik we köp wezipeli şertlerde işlemek ukyby möhümdir.
Türkmen we rus dillerini bilmek hökmanydyr. Iňlis we türk dillerini bilmek artykmaçlyk hasaplanýar.
Kompaniýa ösüş ýolundaky maksatly gurluşda işlemek mümkinçiligini, hünär taýdan ösüşi, bäsdeşlige ukyply zähmet hakyny we giň gerimli taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini hödürleýär.
Saýlama gatnaşmak üçin şu salgydaky formany doldurmaly: https://forms.gle/zZUahGMfPyiXfP9QA