
Türkmenistanyň Bilim ministrligi özboluşly gollanma — “Geljegiň hünärleriniň atlasy” atly neşiri taýýarlap çap etdi. Bu neşir çalt üýtgeýän zähmet bazarynda ýaşlar üçin esasy ýol görkeziji bolmagy maksat edinýär. Ol geljekki onýyllyklarda haýsy hünärmenleriň has zerur boljakdygyna we häzirki wagtda haýsy başarnyklary ösdürmegiň möhümdigine düşünmäge kömek edýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Atlasyň neşir edilmegi ýurdumyzda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň işjeň sanlylaşdyrylýan döwründe köp sanly adaty hünärler özgerýär we olaryň ýerine täze ugurlar peýda bolýar. Bu gollanma okyjylara ýakyn we orta möhletli geljekde Türkmenistanyň ykdysady ösüşini kesgitlejek tehnologiýalar we dolandyryş tejribeleri barada düşünje berýär.

Neşiriň esasy maksady — dalaşgärlere, talyplara hem-de ýaş hünärmenlere ylmy-tehnologiki özgertmelere uýgunlaşmaga kömek etmekdir. Atlasda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde täze görnüşli hünärmenlere zerurlyk dörejek geljegi uly bolan pudaklar giňişleýin beýan edilýär. Bu diňe bir hünärleriň sanawy däl, eýsem XXI asyryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmaga mümkinçilik berýän başarnyklaryň çuňňur seljermesidir.
Şeýle gollanmanyň öz wagtynda peýda bolmagy bilim ulgamynyň zähmet bazarynyň talaplaryna çeýe täsir bildirmegine mümkinçilik berýär. Atlas ýurdumyzyň ýokary hilli zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmekde möhüm gural bolar. Indi ýaşlarda käri oýlanyşykly saýlamak we Türkmenistanyň innowasion ösüşine öz goşandyny goşmak üçin anyk ugrukdyryjy bolar.
ORIENT