Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYweÖU) wekiliýeti Londona amala aşyran saparynyň dowamynda Westminster uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşygyň esasy netijesi «2+2» we «1+1» görnüşindäki iki diplom maksatnamalaryny döretmek boýunça anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Britan ýokary okuw mekdebiniň rektorlary Endrýu Linn we Dibýeş Anand hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Taraplar alyş-çalyş maksatnamalaryny, gysga möhletli tomus mekdeplerini we esasy ugurlar boýunça bilelikdäki onlaýn okuwlary ýola goýmak barada ylalaşdylar. Şeýle hem akademiki iňlis dilini okatmak boýunça tejribe alyşmak we täze bilim usullaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Saparyň möhüm wakalarynyň biri Westminster uniwersitetinde geçirilen halkara maslahat boldy. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlandy. HYYweÖU-nyň wekilleri britaniýaly kärdeşleriniň we talyplaryň öňünde ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty hem-de bilim ulgamyndaky gazanan üstünlikleri baradaky nutuklar bilen çykyş etdiler.
Britan tarapy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna hem-de ýurtda alnyp barylýan özgertmelere ýokary baha berdi. Westminster uniwersiteti bilen berk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy türkmen ýaşlary üçin halkara derejesinde bilim almak we dünýä derejesindäki ylmy taslamalara gatnaşmak boýunça täze mümkinçilikleri açýar.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatik ýollar arkaly resmi ylalaşyklary taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Bu hyzmatdaşlyk türkmen ýokary bilim ulgamynyň dünýä akademiki giňişligine goşulyşmagynda möhüm ädim bolar.
ORIENT
