BIZNES | ORIENT. Türkmen öndürijileri «Halal» kategoriýasyna degişli önümleri bilen Russiýanyň iň uly söwda meýdançalarynyň biri bolan halkara Kazan Halal Market ýarmarkasyna gatnaşarlar. Bu çäre 2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäginde geçiriler.
«Tatar-inform»-yň habar bermegine görä, Türkmenistandan, Iordaniýadan we beýleki Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlardan gatnaşyjylaryň boljakdygyny Tatarystanyň Maýa goýumlaryny ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, marketiň gerimi iýmit önümlerinden başlap ýokary moda we öý üçin harytlara çenli dürli bazar pudaklaryny öz içine alyp, ýylsaýyn giňelýär. Görkezilýän ähli önümler «Halal» hil sertifikatyna eýe bolmalydyr. Gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy 2026-njy ýylyň 15-nji apreline çenli dowam edýär.
Kazan şäherindäki bu ýarmarka gatnaşmak diňe bir göni satuwlary amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem Russiýanyň musulman sebitleriniň köp millionly bazaryna çykmaga mümkinçilik döredýär. Türkmen egin-eşik brendleri we ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürijiler üçin bu çäre KazanForum-yň işewürlik maksatnamasynyň çäginde uly göwrümli sargytçylary we distribýutorlary tapmak üçin möhüm mümkinçilikdir.
2026-njy ýylda Kazan şäheri Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty diýen hormatly ada eýe bolup, bu forumyň we ýarmarkanyň halkara ähmiýetini has-da artdyrýar.
