Şu gün, 8-nji aprelde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda talyplaryň, döwlet edaralarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda boş iş orunlary hödürlemek çäresi geçirildi.
Çäre 2026-njy ýylyň uçurymlaryna gönükdirildi. Oňa institutyň ýolbaşçylary we mugallymlary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň hünärmenleri we telekeçiler gatnaşdylar.
Çäräniň çäginde iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň, degişli edaralaryň hem-de talyp jemgyýetiniň wekilleri çykyş etdiler. Esasy üns hünär taýýarlygy, iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk hem-de ýaş hünärmenleriň işe ýerleşmek mümkinçiliklerine gönükdirildi.
Çäräniň maksatnamasynda aragatnaşyk pudagynyň wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olar talyplara pudagyň ösüşi boýunça häzirki zaman maglumatlaryny ýetirdiler. Hünärmenler tehnologik ösüşiň häzirki ugurlary, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de sanlylaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler, bu bolsa uçurymlarda uly gyzyklanma döretdi.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar soňky ýyl talyplarynyň taslamalary we programma üpjünçilik işläp taýýarlamalary bilen tanyşdylar. Sergi institutyň giriş zalynda guraldy.
Boş iş orunlary hödürlemek çäresi uçurymlar üçin hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak we geljekde işe ýerleşmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.
